www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Göçme söwdalar guralýar

Dekabr aýyna gadam basylmagy bilen, Watanymyzyň çar künjünde, bazarlarynda we ýol ugurlarynda göçme söwda nokatlary guraldy. Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dekabr aýynyň 15-ine Täze ýyl yşyklarynyň ýakylmagy bilen paýtagtymyz hakyky baýramçylyk lybasyny geýer.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda uly baýramçylyklar mynasybetli guralýan göçme söwdalara örän uly ähmiýet berilýär. Häzirki günlerde dowam edýän göçme söwdalar bolsa täze garşylanjak 2018-nji ýyly, ýagny it ýylyny alamatlandyrýan sowgatlyklar, azyk önümleriniň giň görnüşi we yşyklandyryjy çyralar, zerler bilen dolduryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky bu göçme söwda nokatlary eýýämden Diýarymyzy baýramçylyk ruhuna besledi. Arçalar, ýyldyzjyklar, Garpamykdyr Aýazbabanyň nyşanjyklary, Täze ýyl yşyklary, sebetli süýjüliklerden doly sowgatlyklaryň ýüzlerçe görnüşi söwda nokatlaryna öwüşgin berýär. Azyk harytlarynyň arasynda şokoladlar, süýji-kökeler, marinaddyr süýt we gök önümlerine uly isleg bildirilýär. Paýtagtymyzyň «Teke bazary», «Azatlyk», «Gündogar» bazarlary, şeýle hem «Gülüstan», «Paýtagt», «Çandybil», döwlet söwda merkezleri, «Bagtyýarlyk» we «Berkarar» söwda dynç alyş merkezleri we beýleki iri söwda nokatlary alyjylar köpçüliginiň höwes bilen barýan ýerlerine öwrüldi. Önümleriň elýeterli bahalardan satylmagy olara bildirilýän islegi has hem artdyrýar. Söwda nokatlary alyjylaryň baýramçylyk harytlaryny elýeterli bahalardan höwes bilen almagyny üpjün edýär. Täze ýylyň datly önümlerine baý göçme söwdalary ýanwar aýynyň ahyryna çenli gyzgalaňly ýagdaýda öz işini dowam eder.

Täze ýyly saçaklaryňyzy bol-bereketden dolduryp, Täze ýyl çyralarynyň ýalkymy bilen garşylamak isleseňiz, göçme söwda nokatlaryna barmagy unutmaň.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.