Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ýurt bereketi bazaryndan bellidir

Bu günler her bir türkmen ojagynda bereketli saçaklar giňden ýazylyp, toýlar uludan toýlanýar. Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlamagy bilen, Watanymyz toý lybasyna beslendi. Bazarlarymyz, söwda merkezleri we dükanlar ýokary hilli önümleri bilen alyjylar köpçüligini garşy alýar. Bu babatda söwda nokatlarynda dünýäniň ösen medeniýetine laýyklykda söwda hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz 8-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, ýurdumyzyň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Şoňa laýyklykda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde baýramçylyk söwdalary giňden guralýar. Ol ýerlerde et, süýt, çörek we çörek önümleri, ýumurtga, towuk we sygyr eti, et-ýapma önümleri, şeker, un, ýag, süýji-köke, marinad önümleriniň we beýleki harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär. Şol sanda pomidor, hyýar, alma, hurma, banan, gök otlar, nar, ananas ýaly gök önümlerdir miweler hem amatly bahalardan alyjylara hödürlenýär. Dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň alyjylary kanagatlandyrmagy ýerli önüm öndürijilerimiziň işine uly yhlas siňdirýänligini subut edýär. Bazarlarymyzda halkymyz üçin zerur bolan azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi ýurdumyzyň söwda ulgamynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.