Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Bereketli» bazarly söwda merkezi açyldy.

Türkmen halkymyz «Bazara bar — bagtyňy gör» diýýär. Hakykatdan hem häzirki bagtyýar zamanamyzyň islendik bazaryna baryp, gözüňi dokundyrýan bolçulygy synlanyňda, bu ýerden islän zadyňy tapyp boljakdygyna ynanýarsyň. Bazar — ýurduň ýüzi. Çünki haýsy ýurduň bazaryna barsaň, şol ýurduň ýeten ykdysady derejesini, halkynyň çekýän zähmetiniň rehnetini görmek bolýar. «Ýurt bazaryndan tanalýar» diýlişi ýaly, biziň jennet mekanymyzda hem bazar gurmaklyga, bazar bolçulygyna örän uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde «Bereketli» bazarly söwda merkeziniň açylyş dabarasynyň janly şaýady bolanyňda-da göz ýetirýärsiň. Bu dabaraly çärä söwda pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň, Söwda- kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň we beýleki pudak edaralarynyň wekilleriniň birnäçesi gatnaşdy. Ir säher ruhubelentlige beslenen dabara belentden ýaňlanan aýdym-sazlar bilen başlandy. Folklor toparlarynyň tanslary, bagşydyr sazandalaryň çykyşlary, owadan şarlar dabaranyň şowhuny bilen garyşyp, al-asmana göterildi.

Aýdym-sazly çykyşlar tamamlanansoň, bazary gurmakda aýratyn tapawutlanan işçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sylaglar gowşuryldy. Ak sakgally ýaşulularymyz tarapyndan toý bagynyň kesilmegi bilen täze bazaryň açylyş pursady şowhunly el çarpyşmalara beslendi. Bazara ilkinji gadam basan ýaşulularymyzdyr ak gyňaçly enelerimiz we bu ýere ýygnanan ildeşlerimiz dükanlara aýlanyp, önümleriň giň görnüşi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bir-birine ýanaşyk ýerleşýän dükanlaryň hersinde bir ugurly harytlar toplumy ýerleşdirilipdir. Dükanlarda müşderileri söwda medeniýetine laýyk hyzmat edýän satyjylar güler ýüz bilen garşy alýarlar.

Paýtagtymyzyň günorta-gündogar bölegindäki ýaşaýyş toplumlary üçin amatlykda ýerleşen bazarda azyk, hojalyk, senagat we durmuş maksatly harytlaryň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdyr. Müşderiler bu ýerden islän önümini alyp bilerler. Döwrebap binagärlik gurluşy, haryt köpdürlüligi we azyk bolçulygy bilen üpjün edilen täze bazar paýtagtymyzyň köpçülikleýin hyzmat ediş söwda nokatlarynyň üstüni ýetirdi. Dabara gelenler ýurdumyzda şeýle amatlykly söwda merkezleriniň, bazarlarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Täze ýylyň öňüsyrasy açylyp ulanylmaga berlen bu söwda merkezi paýtagtymyzyň gelim-gidimli bazarlarynyň hatarynda raýatlarymyza hyzmat eder.

Berekediň egsilmesin, «Bereketli» bazarly söwda merkezi!

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.