Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Beýik ýüpek ýolunyň geçmişi we şu güni.

Taryhda «Beýik Ýüpek ýoly» adyny alan gadymy ýüpek ýoly söwda, işjeň duşuşyklar we gepleşikler üçin örän uly mümkinçilikler beripdir, ajaýyp ösüşlere ýardam edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaýyň merkezi etraplaryndan başlanan ugry Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarlarynyň portlaryna baryp ýetipdir.

 Hytaý täjirleriniň günbatara alyp gidýän esasy harytlary ýüpek matalar bolupdyr. Bu harytlar örän geçginli bolansoň, Ýewropa bazarlarynda olar gaty gyt haryt hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de bu ýol «Beýik Ýüpek ýoly» diýen ady alypdyr.

 Bütin dünýäde meşhur bolan «Beýik Ýüpek ýoly» adynyň gelip çykyşy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda halkymyza sowgat beren «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gymmatly maglumatlary bermek bilen: «Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr. Baryp orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polo bu ýola «Ýüpek ýoly» diýen ady berýär» diýip belleýär. Şol bir wagtyň özünde bu adalgany häzirki zaman leksikamyza girizen şahsyýetiň nemes alymy, geolog, geograf we syýahatçy, geomorfologiýanyň esasyny goýan Ferdinand Paul Wilgelm fon Rihtgofendigini nygtaýar.

Türkmenistanyň gadymy iri şäherleri bolan Dehistanyň, Nusaýyň, Merwiň, Sarahsyň, Köneürgenjiň aralygynda ýerleşýän onlarça gadymy taryhy ýadygärlikleri öz içine alýan Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý söwda-satuw we pul dolanyşygyň ösen ýerleri hökmünde ýatlanypdyr. Iri şäherlerde bazarlar söwdanyň we senetçiligiň merkezleri bolup, olaryň içinde dokmaçylyk has giňden ýaýran önümçilik bolupdyr. Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar hili we aňrybaşlylygy bilen tapawutlanypdyr. Dokma önümçiliginden başga bu şäherlerde küýzegärlik, zergärçilik, çüýşe we deri önümçiligi ösdürilip, daşky we içki bazarlary gerek zatlar bilen üpjün edip bilipdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täze, häzirki zaman görnüşinde, ýagny transmilli awtoulag, demirýol we gazgeçirijileriň görnüşinde dikeldýär. Bu ýollar, hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelip, olar daşary ykdysady gatnaşyklary, yklymda tranzit daşalyşlary giňeltmäge, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýandygyny nazara alsaň, onda bu kitabyň diňe bir taryhy ähmiýetiniň bolman, eýsem, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmakda hem ägirt uly ähmiýetiniň bolandygyny görmek bolýar.

Lukmançylyk ylmyna, ykdysady, syýasy ylymlara degişli, taryhy, medeni meseleleri özünde jemleýän eserleriň awtory hökmünde hormatly Prezidentimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýedir. Täze döreden eseri bolsa, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň durmuş-ykdysady, syýasy ýagdaýyny, medeni durmuşyny has giňişleýin öwrenmekde gymmatly çeşmedir.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.