Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistan – syýahatçylyk üçin iň gowy ýurt.

Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» teleýaýlymy Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrdy. Dürli ýurtlar hem-de yklymlar boýunça syýahatlar baradaky filmleriň köp seriýaly tapgyryndan soň, teleýaýlym tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap geçirip, meşhur ugurlaryň sanawyny düzdi. Ses bermegiň netijelerine görä Türkmenistan «Taryh» derejesinde birinji ýere mynasyp boldy.

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň paleolit we mezolit döwrüne degişli birgiden tapyndylary muňa doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde Marguş ýurdunyň galyndylary (gadymy grek we rim resminamalarynda – Margiana), Parfiýa galasy we beýleki taryhy ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Gadymyýetde bu ýurduň üstünden strategik taýdan möhüm ýol – Beýik Ýüpek ýoly geçipdir – diýlip, bellenilýär.

Türkmenistanda taryh bilen gyzyklanýanlar üçin syýahat etmäge köpsanly taryhy ýerleriň bardygy aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň gündogary özüniň orta asyrlara degişli baý taryhy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar. Şol zamanlarda medeniýetiň we ylmyň ösüşiniň derejesi boýunça dünýäde bu ülkäniň deňi-taýy bolmandyr. Il-Arslanyň, Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Gutlug Timuryň, Astanababanyň aramgähleri syýahatçylaryň pikirini gadymyýetiň jümmüşine alyp gidýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we toplumlaýyn dikeldiş işleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini nazara alanyňda, «Rai 3» teleýaýlymynyň geçiren pikir soralyşygynda ýurdumyzyň «Taryh» derejesi boýunça iň gowy ýurt diýlip atlandyrylmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. 

Geçen ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasy hödürlendi. Ol 2018-2021-nji ýyllar üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.