Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” sowgat berler

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatrik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan brifingde Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Oleg Tabanýuhow Belarus Respublikasynyň “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” faksimile neşirini Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna peşgeş berýändigini aýtdy. 

Fransisko Skorinanyň kitap mirasynyň faksimle neşirini çap etmek boýunça taslama (2013-2017-nji ýyllar) belorus we gündogar slawýan kitap çap edilişiniň 500 ýyllygyna gabatlandy. Bu hysyrdyly işiň netijesinde tanymal gumanistiň we magaryfçynyň tutuş dünýä ýaýran kitaplarynyň elektron nusgalary tapyldy we tertibe salyndy. Köp jiltlik ýygynda 1517-nji ýyldan 1525-nji ýyla çenli döwürde Pragada hem-de Wilnoda neşir edilen, belorus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatly gatlaklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenipdir. 

Kitaplary gowşurmak dabarasy ýanwar aýynyň 24-26-sy aralygynda Aşgabatda geçiriljek Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerine gabatlandy. Ilçi Oleg Tabanýuhowyň belleýşi ýaly, bu çäre türkmen-belorus gatnaşyklaryndaky şanly senä bagyşlanan çäreler tapgyrynda iň ulusy bolar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlugy has-da berkider.

www.turkmenistan.gov.tm

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.