Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

2018-nji ýylyň 24-26-njy ýanwarynda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Çäräniň maksatnamasy Belarus Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergini, kinolaryň görkezilişini, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklaryny özünde jemledi. Onuň jemleýji böleginde iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti görkezildi.

Iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni ulgamda durnukly ösýändigini subut edýän bu çäre soňky ýyllarda yzygiderli geçirilip gelinýär. Şeýlelikde, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk indi ençeme ýyl bäri işjeň häsiýete eýe bolýar we häzirki geçirilýän medeni çäre 2010-njy ýylyň iýunynda Belarus Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde bolan iki ýurduň sungat ussatlarynyň duşuşyklarynyň özboluşly dowamydyr. Şonda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlary belarus tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy we bu gatnaşyklar soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär.

Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Minskide Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary uly üstünliklere beslendi. Şol ýyl Aşgabatda dostlukly ýurduň meşhur döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçy-sazandalarynyň, ýurduň iň iri muzeýleriniň biriniň wekilleriniň we Belarus telegraf agentliginiň (Belta) işgärleriniň gatnaşmagynda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilipdi.

  2014-nji ýylda Minsk şäherinde Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda geçirildi. Şonda bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Minsk şäherine Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary barypdy. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde şahyrlar, režissýorlar, muzeý işgärleri, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, türkmen estradasynyň belli aýdymçy-sazandalary, «Mukam» jaz topary, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet tans topary we «Dehistan» folklor-etnografiýa topary Medeniýet günlerine gatnaşypdy.

2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda giňden bellenilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda guralan şol giň möçberli çäre şanly senä belarus dostlarymyzyň ajaýyp döredijilik sowgady bolupdy. 

 Dabaranyň açylyşynda belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji ýyllaryň estradasynyň ýatdan çykmajak aýdymlary düzdi. Tomaşaçylar meşhur «Horoşki» belarus toparynyň ussatlygyna uzak wagtlap el çarpdylar.  «Aýly agşam» diýen belli türkmen aýdymynyň «Horoşki» aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýdym-sazyň muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy. 

Köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur aýdymlary ýerine ýetirip, türkmenistanlylary şatlandyran «Pesnýary» toparyny we Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýany hem-de Aleksandr Tihanowiçi tomaşaçylar mähriban dostlary hökmünde garşyladylar. Belarus Milli Akademiki opera we balet uly teatrynyň aýdymçysy, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Nina Şarubinanyň dünýä aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyndan ýerine ýetiren eserlerine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

2016-njy ýylda Minsk we Borisow şäherlerinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi. Şol medeni çäre Borisow şäherindäki M.Gorkiý adyndaky Medeniýet köşgünde iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň uly konserti bilen tamamlandy.

Respublika Köşgündäki konsertden badalga alan Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýurdumyzyň Belarus Respublikasynyň milli çeperçilik muzeýindäki amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen dowam etdirildi.

Sahnada köp öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, «Altyn asyr» orkestri, «Dehistan» folklor topary, «Näzli» tans topary, «Mukam» toparynyň skripkaçylary, estrada aýdymçylary tomaşaçylaryň sagbolsunyny aldylar. Mundan başga-da, Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda edebiýat, şekillendiriş sungaty, muzeý we kitaphana işi ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şundan hem görnüşi ýaly, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalanmagyna medeniýet we sungat işgärleri-de mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2018-nji ýylyň ilkinji günlerinde guralan medeni çäräniň mysalynda hem bu hakykata göz ýetirmek bolýar.

Hojaberdi APBAÝEW, žurnalist.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.