Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregini yzarlap...

Haçanda seniň önüp-ösen topragyň gadymy hem beýik taryha baý bolanda, şol ýeriniň howasyndan dem alanyňa buýsanjyň has üýtgeşik bolýar. Ol toprak seni ulaldygyňça özüne çekýär. Şöhratly taryhy bilen dünýä ýaň salan ýurda dahyllydygyňy duýmak seni bagtyýar edýär. Öz ata-babalaryň taryhyny içgin öwrenmäge iterýär. Älem içre şeýle täsin taryhly, döwürleri sarsdyran şöhratly wakalara baý topraklaryň biri-de gadymy Mary topragydyr.

Merw. Dünýä ýaň salan Merw. Orta asyr Gündogarynda «Ähli  ýollar  Merwe  eltýärler» diýlip ýöne ýere aýdylan däldir. Merw kerwen ýollarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolan toprak. Geçmişde Merw Orta Aziýada deň-taýsyz iri şäher bolupdyr. Muny hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Iň bärkisi Samarkant hem-de Buhara, Warahşa hem-de Penjikent ýaly şöhraty ýetik şäherlerem onuň ýanynda ýönekeýje bir şäherdi» diýen jümläni okanyňda geçmişe sary gaýbana syýahat edip, bu şäheri özüňçe göz öňüňde janlandyranyňy duýman galýarsyň. Megerem, dünýä taryhyna dahylly şunuň ýaly beýik taryhly Watanyň goýnunda ýaşamakdan uly bagt ýokdur.

***

Gadymy Merw orta asyrlarda täjirleriň hem-de alymlaryň şäheri diýlip atlandyrypdyrlar. Bu ýeriň Orta Aziýada iň belli metal işleýän merkezleriň biri bolandygyny Soltangalanyň günbatar künjünde arheologlaryň magdan peçleriň tutuş toplumynyň yzlaryny tapmaklary-da tassyklaýar. Şeýle-de Merwiň ýüpek matalary dünýä bazarlarynda zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir. Bazarynda kişmişdir kişdeleri, çörekleri beýleki ýerlerdäkiden düýpgöter tapawutlanyp gözüňi dokundyrypdyr. Bular dogrusynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Merw matalarynyň meşhurlygy, zergärçiligiň arşa göterilmegi geçmişde halkymyzyň halal zähmete ýugrulan, dörediji hem öndüriji halk bolandygyny, sungata öwrülen gymmatlyklary döretmekde dünýäniň hiç bir halkyndan pesde bolmandygyny subut edýär. Beýik Ýüpek ýolunda iki ýana gatnan jaňly kerwenleriň aýak yzlary galan gadymy Merw diňe bir geçmişde däl, häzirki günlerimize çenli-de söwdanyň ösen mekany bolup gelýär. «Kerwen geçer, ýol galar» diýlişi ýaly, şol gadymy kerwen ýörän söwdanyň gyzgalaňly ýoly gaýtadan dikeldilýär.  

***

XI-XII asyrlarda Beýik Seljuk döwletiniň paýtagty Mary topragyna aýlanyp, Erk gala, Gäwür gala, Soltangala, Abdyllahangala, Baýramalyhan gala ýaly taryhy galalaryny synlanyňda ýene-de taryhyň syrly sahypalaryna dolanýarsyň. Akyly, parasady bilen yz goýan beýik şahsyýetleriň şu toprakda ýaşap geçendigine buýsanýarsyň, olaryň ruhuna tagzym edýärsiň. Şolaryň arasynda Soltan Sanjaryň aramgähi buýsançly taryhy bolan galalaryň hatarynda dünýä ýüzünde bellidir. Taryhçy  alym Isfizariniň «Bu Älem-jahanyň iň uly binasydyr, ol şeýle bir berkdir welin, oňa hiç bir doga hem täsir edip bilmez» diýip beren bahasy aramgähiň döwründe gaty ähmiýetli ýer bolandygyny görkezýär. Soltan Sanjaryň aramgähi Merwde mongollaryň we ondan soňky uruşlaryň zarbyna döz gelen binalaryň az sanlysynyň biridigini her birimiz bilýäris. Diňe şunuň özem bu beýik taryhly ajaýyp mekanyň binagärlik sungatynyň görlüp-eşidilmez derejede ösendigini görkezýär. Merwiň erik ýaly sary bişen kerpiçleri häzir hem berkligi we arassalygy bilen tapawutlanýar. Gadymyýetde şunuň ýaly şöhratly şäher juda azdyr.

Merwe bagyşlanan dürdäneler

Ata-babalarymyz bu şäheri janlaryndanam ileri görüpdirler. Şäheriň Margiana, Merw, Maru-Şahu-Jahan, Marguş, Mary ýaly atlar bilen belli bolandygyny meşhur taryhçylar, syýahatçylar ýazyp gidipdir. Dürli çeşmelerde Merw «jennet bagyna», «dünýäniň daýanç şäherine» meňzedilipdir. Merwiň näçe ýaşanlygy hakynda ylymda anyk maglumatlar bomasa-da, gadymy Hytaý çeşmelerinde bu toprak bolçulygyň we medeniýetiň mesgeni hökmünde suratlandyrylýar. Arap jahankeşdeleri Merwiň ajaýyplygyna haýran galypdyrlar. 846-njy ýylda Ibn Hordadbeh «Ýollar we ýurtlar» eserinde: «Merwiň gözelligine ýyllar tär, täsir edip bilmez» diýip bellese, ömrüni Merwde geçirenligi üçin özüni bagtly saýýan arap alymy Ýakut Hamawy: «Merw jennetiň zemindäki parçasydyr» diýip ýazýar. Şeýle-de bu şäher «dünýäniň göwheri, kalby» hasaplanypdyr. Orta asyr sene ýazgylarynda şäher  –  «Horasanyň ähli şäherleriniň enesi» diýen belent baha mynasyp bolupdyr.

***

Danyşment alymlaryň, şahyrlaryň ýurdy hasaplanan Merw barada täsin wakalar näçe diýseň bar. Irki döwürlerde Merwiň adynyň «Şahyjan» – «Şalaryň  jany» diýen manyny aňlatmagynyň özi bu şäheriň beýik şalaryň höküm süren ýurdy bolandygyndan habar berýär. Merw – millionlarça ynsanyň görmegi, ýaşamagy arzuwlan topragy, ylym-bilimiň mesgeni, ähli alym-ulamalaryň ylym üçin ýönelýän kyblasy bolupdyr. Bu mekan Aleksandr Makedonskiniň, Ahemeni şalarynyň düşlän, Zülkifl pygamberiň, Hoja Ýusup Hemedanynyň, Molla Töre ahunyň, Omar Haýýamyň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň ýaşan ýeridir. Bu toprakda meşhur tebip Barzuýe, ussat sazanda we aýdymçy Barbut ýaly beýik şahsyýetler ömür sürdüler. Soltan Sanjaryň döwründe bu ýere gündogaryň ähli ýerinden alymlar, şahyrlar, sazandalar, küştçüler ýygnanypdyr we ösen ylmy merkezi emele getiripdirler.

Diňe bular hem däl, bu toprakda ynsanyň ruhy baýlygy bolan kitaba goýulýan sarpa-da gaty gymmat bolupdyr, ýagny kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr. Merw dünýä medeniýetiniň gaýta-gaýta dörän ýeri. Şäherde alymlaryň ýazmagyna görä 10 sany örän uly kitaphana bolup, olarda seýrek duşýan kitaplar saklanypdyr. Munuň özi halkymyzyň asyrlar boýy kitap diýlen mukaddes zada örän uly sarpa goýup gelendigini görkezýär.

***

Hawa, Merw Orta asyrlarda medeniýetiň, binagärligiň, ylmyň pajarlap ösen ojagy bolupdyr. Hut şularyň netijesinde-de şan-şöhraty äleme dolan Merw Müsürden, Mesepotamiýadan, Hindistandan, Hytaýdan soň, dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi hökmünde ykrar edildi. Bu mynasybetli 2006-njy ýylyň noýabrynda “Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir” atly Halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Maslahata dünýäniň ençeme ýurtlaryndan alymlar, taryhçylar, muzeý işgärleri gatnaşdy. Müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan gadymy Merw bu gün täzeden galkynýar, dabaralanýar. Şäheriň ak mermere beslenen köşki-binalary göreni haýran edýär. 2010-njy ýylda Mary şäherinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, 2011-nji ýylda üçegi obserwatoriýaly kaşaň welaýat kitaphanasy hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açyldy. Kemine adyndaky döwlet sazly drama teatry, Ruhyýet köşgi, «Mary» myhmanhanasy, Gurbanguly Hajy metjidi, Bagt köşgi binasy we köpugurly söwda bazary şäheriň gözelligini artdyrýar. Hamala, Orta asyr şahyry Fahweddin Gürgenliniň:

Maru-Şahu-Jahan ne ajap şäher,

    Doýmarsyň baksaň-da oňa her säher.

- diýen setirleri hut şu gün döredilen ýaly kalbyňa jaýdar ornaýar.

2012-nji ýylda Mary şäheriniň GDA döwletleriniň medeni paýtagty diýlip yglan edilip, bu taryhy waka mynasybetli «Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy» atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi. 2014-nji ýylda TÜRKSOÝ Halkara guramasy tarapyndan Mary şäheri 2015-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edildi. Geçmişde türki dünýäsini birleşdiren Merw bu gün Gün içiniň Göwheri ýaly, taryhymyzyň altyn sahypalaryna şuglasyny saçýar. Geljekde-de Merwiň syrly sahypalarynyň üsti ýene-de açylar, öwreniler hem eşrepi deýin gorap saklanar. Çünki bu taryh biziň taryhymyz, türkmeniň taryhy, dünýäniň öçmejek taryhydyr.    

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA, «Biznes reklama».

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.