Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Boks boýunça milli çempionat

13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga aldy. Bäsleşigiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi çykyş edýärler.

Tomaşaly we özüne çekiji pursatlaryň baý bolmagyna garaşylýan ýaryş paýtagtymyzdaky iň bir döwrebap Olimpiýa şäherçesinde dört günläp dowam eder. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda boljak bäsleşikde paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisine wekilçilik edýän  türgenleriň ýüzlerçesi agramlyk derejesiniň onusy boýunça güýç synanyşarlar.

13-nji fewralda çäräniň dabaraly açylyşynda toparlar hem-de ýurdumyzyň tans toparlary we artistleri çykyş ederler. Agşam bolsa ilkinji tutluşyklar geçiriler. 16-njy fewralda tamamlanjak bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşyklarynda güýçli türgenler kesgitleniler.

Boks boýunça milli çempionatyň myhmanlary

Çempionata Boks janköýerleriniň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti we Aziýanyň boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Kanakbaýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýet gatnaşar.

Professional boksuň ýyldyzlarynyň — WBA-nyň we IWF-niň çempiony Denis Lebedowyň, olimpiýa oýunlaryň çempiony Oleg Saitowyň hem-de belli türgen we aktýor, başa-baş tutluşyklaryň garyşyk göreşi boýunça 1995-nji ýylda dünýäniň çempiony bolan Oleg Taktarowyň hormatly myhmanlaryň hatarynda bäsleşige gatnaşmagyna garaşylýar.

Boks boýunça çempionatyň geljekki ýeňijileri hem-de kümüş baýraklaryň eýeleri milli ýygyndy toparyň agzalary bolarlar.

Ýygyndy toparda belli russiýaly hünärmen – türkmen toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýakyň ýolbaşçylygynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde boljak Aziýa oýunlaryna taýýarlyk başlanar. 2017-nji ýyldaky halkara derejeli ýaryşlaryň netijelerine, ýagny, Bakuwdaky Yslam oýunlarynda, Daşkentdäki Aziýa çempionatynda we Minskidäki ýaryşda gazanylan ýeňişlere we baýrakly oýunlara seredeniňde, boksçularymyzyň geljeginiň uludygy şübhesizdir.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.