Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Olimpiýa şäherçesi owadan tutluşyklaryň şaýady boldy

 13-nji fewralda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde boks boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabarasyna özboluşly röwüş çaýdy.

Açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýokary netijeli sport bölüminiň başlygy Tahyr Halmämmedow öz çykyşlarynda ýurdumyzda türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin edýän tagallary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirdiler weçempionata gatnaşjak türgenleriň ählisine üstünlik arzuw etdiler.

  Çempionatyň ilkinji güni türgenleriň taýýarlyk derejesiniň örän ýokarydygyny görkezdi.  Milli ýygyndymyzyň agzalarynyň geçiren duşuşyklarynda olaryň halkara derejedäki ýaryşlaryna taýýarlygynyň kesgitlemesi boldy. Duşuşyklara baş emin hökmünde halkara derejeli emin A. Sähedow eminlik eden bolsa, baş kätibiň wezipesini halkara derejeli emin I. Meretnyýazow  ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnyşyklar ministrligi bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde geçirýän boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji gününde duşuşyklaryň 11-si geçirildi.

Çempionatyň birinji gününiň ilkinji üç duşuşygy wagtyndan öň tamamlandy. 56 hem-de 60 kilogram agramlyk derejelerinde birinji duşuşyklaryny geçiren paýtagtymyzyň ýygyndysynyň agzalary Baýramhan Permanow bilen Ýazmyrat Gurbanow degişlilikde öz garşydaşlaryny tehniki nokaut bilen ýeňdiler. 64 kilogram agramlyk derejesinde aşgabatly boksçylaryň arasynda geçirilen iki duşuşykda hem ýeňiji eminleriň çykaran netijesinden soň belli boldy. Ringe ilki çykan Muhammet Berdibaýew Sünnet Annaseýidowy ýeňen bolsa, onda Şöhrat Durdyýew Ýunus Döwletowdan üstün çykdy. 69 kilogram agramlyk derejesinde geçirilen birinji tutluşyk günüň iň gyzykly duşuşygy boldy. Onda aşgabatly Muhammetmyrat Sähedow owadan kombinasiýanyň netijesinde Kerim Esenmyradowy nokauta iberdi. 69 kilogram agramlyk derejedäki beýleki iki duşuşykda boksçylar bellenen wagtda ýeňijini kesgitlediler. Olaryň ilkinjisinde paýtagtly boksçy Rahym Atabaýew balkanly garşydaşy Nurberdi Kulikowy ýeňlişe sezewar etdi. Bu agramlyk derejesiniň beýleki duşuşygy daşoguzly boksçy Timur Täjimowyň ýeňşi bilen tamamlandy.   

75 kilogram agramlyk derejesinde geçirilen duşuşyk hem tehniki nokaut bilen tamamlandy. Onda garşydaşyna görä, has taýýarlykly gelen daşoguzly Rasul Ýoldaşew ýeňiş gazandy.

91 kilogram agramlyk derejesiniň çäginde geçirilen iki duşuşykda eminleriň çykaran netijesi boýunça Baky Toýçyýew bilen Tejen Hommadow (ikisi-de Aşgabat ş) ýeňişlerini baýram etdiler. Garşydaşy şikesi zerarly ringe çykmadyk Atajan Nurgeldiýew (Aşgabat ş) bolsa, duşuşygy geçirmezden ýeňiji diýlip yglan edildi.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.