TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Häzirki zaman dünýäsinde bäsleşige ukyplylygy, ykdysadyýetimiziň, maliýe ulgamymyzyň dürli çökgünliklere durnuklylygyny kepillendirýän, şeýle hem raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ýurdy gurmak üçin biz entek örän köp we tutanýerli işlemeli.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Şu ýylyň 27-nji oktýabrynda mähriban Watanymyz özüniň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçdi. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda-da öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, mahlasy, ösüşiň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünliklere eýe bolduk. Bütin dünýäde ykdysady çökgünliligiň dowam edýändigine garamazdan, bu ýylda hem biziň Watanymyz ykdysady taýdan çalt ösýän, senagatlaşýan döwletleriň hatarynda durmak bilen özüniň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmegi başardy. Munuň şeýledigini şu ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda hormatly Prezidentimiziň eden giňişleýin çykyşy-da doly tassyklady. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we şonda onuň eksport mümkinçiligini giňeltmegi dowam etdirmegi göz öňünde tutulýandygy barada: «Biz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýäris. Şu wezipelerden ugur alyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we özümizde öndürilýän önümleriň beýleki ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip başladyk. Bu maksatnamalary ýerine ýetirmekde eýýäm gowy netijeleri hem gazandyk. Ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberi azaldy. Daşary ýurtlara iberýän önümlerimiziň möçberi bolsa artdy» diýip, aýratyn belläp geçdi.

 Biziň hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2007-nji ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edilipdi. Bu Maksatnama laýyklykda geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösendigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşynda bolsa abraýly halkara guramalarynyň berýän maglumatlaryna görä, biziň ýurdumyzyň içerki önüminiň ösüş depgininiň 2017-nji ýylda hem 6,4%-e barabar boljakdygy aýdylýardy.

2017-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň ýokary ösüş depginleri üpjün edildi. Munuň şeýledigini şu ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde on aýyň içinde alnyp barlan işleriň görkezijileri hem subut etdi. Ol görkezijilere laýyklykda, şu ýylyň on aýynyň içinde jemi içerki önümiň 6,3%, senagat pudagynda 3,4%, gurluşykda 2,9%, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 11,1%, oba hojalygynda 4,9%, hyzmatlar ulgamynda 9,7% artmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr. Ösüşiň bu görkezijileri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady taglymatynyň baş ugurlarynyň iň möhümleriniň biri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de yzygiderli ýokary götermek baradaky aladadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň ilaty durmuş taýdan goramaklyga gönükdirilen syýasaty «Döwlet adam üçindir!» şygarynda şöhlelenýär. Elbetde, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ösýän ykdysadyýetiň gerek. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýylsaýyn ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň döwletimiz her ýyl býujet serişdeleriniň 80%-ine golaýyny durmuş ulgamyny ösdürmeklige gönükdirýär. Muňa köpugurly ykdysadyýeti döretmek, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek maksady bilen öz wagtynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk kärhanalarynyň iş netijeleriniň ýokarlandyrylmagy özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini aýratyn bellemeli. Bu barada Milli Liderimiziň: «Halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy döwletimiziň ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar» diýip bellemegi hem doly güwä geçýär. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň her ýylda on göterim ýokarlandyrylmagy biziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha gowulanýandygynyň esasy görkezijileriniň biridir.

Üstümizdäki ýylyň on aýynyň içinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde zähmet hakynyň ortaça 8,9% ýokarlanmagy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň wagtly-wagtynda doly möçberde tölenip durulmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň ýene biri ýurdumyzyň ilatyny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekdir. Biziň ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy soňky ýyllaryň içinde hem şäherlerde, hem obalarda ozal görlüp-eşidilmedik gerimlere eýe boldy. Muňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde diňe şu ýylyň on aýynyň içinde 922,1 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygy, ýene-de 382,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigi baradaky berilýän maglumatlar aýdyň mysaldyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ähli pudaklary bilen bir hatarda türkmen sportunyň hem uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça mermer paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlary şu ýylyň iň ähmiýetli taryhy wakalarynyň biri boldy. Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirilip, oňa 65 sany ýygyndy topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde biziň ýurdumyzyň milli ýygyndy topary ussatlygyň iň ýokary derejesini görkezmegi başardy. Olar medallaryň jemi 245-sine mynasyp bolup, şolaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş, 86-sy bolsa bürünç medallardyr.

Oýunlaryň ýokary derejede geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýyny has hem ýokary göterdi. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy.

2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» IX jilt, «Sport dostluga, saglyga we gözellige barýan ýoldur», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynyň köp sanly okyjylaryň, ozaly bilen ýaş nesliň arasynda uly islege eýe bolandygy guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň bu kitaplary hem türkmen halkynyň medeni mirasynyň hakyky hazynasy bolup, uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy