TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň çäginde durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny guramagyň hem-de oňa gözegçiligi amala aşyrmagyň düzgünleri

Türkmenistanyň Adalat ministirligi tarapyndan
2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda «1098»
san bilen bellige alyndy.

I. Umumy düzgünler

1. Türkmenistanyň çäginde durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny guramagyň hem-de oňa gözegçiligi amala aşyrmagyň Düzgünleri (mundan beýläk - Düzgünler) «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15040-njy kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanyň çäginde durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny guramagyň hem-de oňa gözegçiligi amala aşyrmagyň düzgünlerini kesgitleýär.

2. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan söwda işini amala aşyrýan ähli ýuridik şahslaryň, ýuridiki şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslaryň (mundan beýläk – söwda işini amala aşyrýan şahslar) durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny guramak işinde şu Düzgünleriň talaplarynyň berjaý edilmegi hökmandyr.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15040-njy karary bilen tassyklanan sanawa laýyklykda, şular durmuş ähmiýetli harytlar bolup durýarlar:

azyk harytlary: bugdaý uny, çörek, mal eti, towuk eti, ýumurtga, balyk we balyk önümleri, çaga iýmiti, tüwi, ösümlik ýagy, mesge ýagy, süýt we süýt önümleri, şeker, çaý, nahar duzy, unaş önümleri, ýeralma, düýp sogan, möwsümleýin gök önümler we miweler, gaplanan agyz suwy;

azyk däl harytlar: sabyn, kir ýuwujy serişdeler, diş ýuwulýan serişdeler, päki (syrma guraly), okuw depderi, ruçka, galam, içki geýimler, jorap, çaga eşigi, ýorgan-düşek daşlyklary, el çalgyçlar.

II. Durmuş ähmiýetli harytlaryň
görnüşleriniň söwdasyny gurnamak

4.Türkmenistanyň çäginde durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny söwda işini amala aşyrýan şahslar tarapyndan şu aşakdaky söwda obýektlerinde gurnamak hökmanydyr:

Ölçeglerine garamazdan, ýerleşýän ilatly nokadynda ilata söwda hyzmatyny amala aşyrýan esasy desga bolup durýan söwda kärhanalarynda;

gipermarketlerde – esasan öz-özüňe hyzmat etmek görnüşinde köp ugurly azyk we azyk däl harytlaryň görnüşlerini ýerleýän iri söwda kärhanasynda;

söwda merkezlerinde – harytlaryň we hyzmatlaryň köpugurly, giň görnüşlerini ýerleýän, söwda we/ýa-da durmuş hyzmatlaryny hödürleýän kärhanada;

söwda toplumynda – harytlaryň köp ugurly görnüşlerini ýerleýän we hyzmatlaryň giň toplumyny ýerine ýetirýän (jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny, durmuş hyzmatlaryny, medeni-sport dynç alyş kärhanalaryny we beýlekileri özünde jemleýän) söwda kärhanasynda;

uniwersamlarda (köpugurly dükan, supermarketlerde) – esasan öz-özüňe hyzmat etmek görnüşini ulanýan, köpugurly azyk we gündelik isleg bildirilýän azyk däl harytlaryň görnüşlerini ýerleýän söwda kärhanasynda;

uniwermaglarda – alyjylara söwda hyzmatyny etmegiň dürli görnüşlerini ulanýan, azyk we azyk däl harytlaryň köpugurly görnüşlerini ýerleýän söwda kärhanasynda;

bazarlarda – oba hojalyk, azyk we azyk däl harytlary satýan, göwnejaý şertleri üpjün etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän, şeýle hem öz söwda-satyn alyş işini amala aşyrýan söwda kärhanasynda;

azyk we azyk däl harytlar (garyşyk) dükanlarynda.

Ýöriteleşdirilen dükanlarda (harytlaryň diňe bir görnüşli toparyny ýa-da şol görnüşiň degişli bölegini ýerleýän dükanlar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15040-njy karary esasynda tassyklanan sanawdaky durmuş ähmiýetli harytlary satmak hökmany däldir.

III. Durmuş ähmiýetli harytlaryň
görnüşleriniň söwdasyny amala
aşyrýan şahslaryň esasy wezipeleri

5. Durmuş ähmiýetli harytlaryň söwdasyny amala aşyrýan şahslaryň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

1) söwda kadalaryny berjaý etmäge;

2) laýyklyk sertifikaty bolan halatynda howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän oňat hilli harytlary satmaga;

3) harydyň jemagat ofertasynyň, harydy satyn almak-satmak şertnamalarynyň we gaýry geleşikleriň şertlerine laýyklykda bellenilen görkezijiler boýunça satylmagyna;

4) alyja harydyň hili we gelip çykan ýeri, sarp ediş alamatlary, kepillik borçnamalary we nägilelikleri bildirmegiň tertibi, harydyň ulanylmagynyň, onuň saklanylmagynyň usullary we kadalary, kazyýete talap, arza bildirilen halatynda bolsa – şeýle-de söwda işiniň subýektiniň ýa-da üpjün edijiniň (taýýarlaýjynyň) ýerleşýän ýeri we gaýry rekwizitleri hakynda dogry we zerur maglumatlaryň berilmegine;

5) ölçegleriň bitewüliginiň üpjün edilmeginiň döwlet ulgamynyň talaplaryna laýyklykda gözegçilik-ölçeg enjamynyň söwda obýektiniň hemmä elýeterli ýerinde ýerleşdirilmegine, olaryň ýagdaýy we öz wagtynda barlanylmagy üçin jogapkärçilik çekmäge;

6) alyjyda harydyň agramyna (göwrümine) ýa-da uzynlygyna şübhe dörän ýagdaýlarynda oňa gözegçilik-ölçeg enjamynyň kömegi bilen görkezilen häsiýetnamalary özbaşdak barlamaga mümkinçiligi döretmäge;

7) alyjynyň talap etmegi boýunça oňa girdeji resminamasyny, laýyklyk sertifikatyny ýa-da bellenilen tertipde tassyklanan laýyklyk sertifikatynyň nusgasyny görkezmäge;

8) özara hasaplaşyklar mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda we tertipde elektron gözegçilik-kassa enjamyny we elektron töleg serişdeler (kartlar) arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin enjamy ulanmaga;

9) harydyň Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen howpsuzlygyna, belgilenilmegine we gabyna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän harydy satylyşdan aýyrmaga;

10) gözegçilik barlagy we gözegçilik boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň bellenilen tertipde çykarýan teklipnamalaryny ýerine ýetirmäge;

11) jemgyýetçilik iýmitiniň söwda obýektlerinde işleýänleriň hem-de söwda zallarynda gönüden-göni alyjylara hyzmat edýän şahslaryň bellenilen nusgadaky ýörite lybaslarda bolmagyny üpjün etmäge;

12) söwda hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary derejesiniň, alyjylara hormat bilen gatnaşygyň üpjün edilmegi;

13) sarp edijileriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny bozýan hereketlere ýol bermezlige;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmäge.

IV. Döwlet we alyjylar jemgyýetleriniň söwda kärhanalarynyň durmuş
ähmiýetli harytlarynyň söwdasyna
bildirilýän talaplar

6. Döwlet we alyjylar jemgyýetleriniň söwda kärhanalary tarapyndan dükanlarda ilaty mugt nahar duzy bilen üpjün edilende, olaryň hasabatlaryny ýörite kitaplarda alyp barylmagyny we her aýda gözegçilik edilmegini, ýylyň başyna bolsa täzelenmegini, öň açylan kitaplaryň yzyna gaýtarylmagyny hem-de olaryň söwda kärhanasynda saklanylmagyny üpjün etmelidirler. Dükanlarda mugt nahar duzunyň berilmegi hakynda ýörite burçlar açylmalydyr. Mugt nahar duzuny goýbermek üçin kitaplar sahypalanyp, dikilip, ýörite möhürlenmelidir. Goýberilen nahar duzy barada bellenen tertipde hasabatyň berilmegini üpjün etmelidirler.

Döwlet we alyjylar jemgyýetleriniň söwda kärhanalary tarapyndan ýurdumyzda öndürilen bugdaý uny, galyp we galbaň çöregini we pagta ýagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän nyrhlar boýunça, şeýle hem şu Düzgünleriň 3-nji bölüminde görkezilen beýleki harytlary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilen nyrhlar boýunça üpjün etmelidirler.

Durmuş ähmiýetli harytlar alyjynyň ünsüni çekýän ýerlerinde ýerleşdirilmelidir.

V. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektlerinde işleýän işgärlere bildirilýän esasy talaplar

7. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektlerinde gönüden-göni alyjylara hyzmat edilmegi, jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň önümçiliginiň we sarp edilmeginiň guralmagy bilen baglanyşykly işgärler üçin şu aşakdakylar hökmandyr:

1) iş berijiniň hasabyna deslapky we döwürleýin lukmançylyk barlagyndan geçmegi we saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk resminamasynyň bolmagy;

2) zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we sanitariýa boýunça ýörite taýýarlygyny geçmeli.

8. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektlerinde hyzmat edýän işgärler söwda hyzmaty bilen baglylykda ýörite taýýarlygyny geçmäge borçludyrlar we öz hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmelidirler, şeýle hem döwrebap söwda, elektron gözegçilik-kassa enjamyny we elektron töleg serişdeler (kartlar) arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin enjamlar bilen işlemegi başarmalydyrlar.

9. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektlerinde hyzmat edýän işgärler iş ýerinde ähli alyjylar bilen mylakatly hyzmat etmäge ukyply bolup, olaryň isleglerini (haýyşlaryny) sabyrlylyk, takatlylyk we sypaýylyk bilen kanagatlandyrmalydyr.

10. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektlerinde işleýän ähli işgärlerde ady, familiýasy, wezipesi ýazylan nyşany (tarketkasy) ýerleşdirilen ýörite birmeňzeş egin-eşigi bolmaly.

11. Işgärleriň egin-eşigi talabalaýyk bolmalydyr, olar egin-eşiklerini elmydama arassa we tämiz ýagdaýda saklamalydyr.

VI. Durmuş ähmiýetli harytlaryny
ýerleýän söwda obýektlerine
bolan talaplar

12. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektiniň haryt taýdan ýöriteleşdirilmegi söwda işini amala aşyrýan şahslar tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär.

13. Durmuş ähmiýetli harytlaryny ýerleýän söwda obýektleri bellenen tertipde işlemegi üçin ýerler we onuň töweregindäki ýerler sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň, gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir, şeýle hem ýangyna garşy gorag serişdeleri hem-de elektroyşyklandyryş enjamlary bilen üpjün edilmelidir.

VII. Jemleýji düzgünler

14. Şu Düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyna gözegçiligi amala aşyrýan beýleki ygtyýarly döwlet edaralary amala aşyrýarlar.

15. Durmuş ähmiýetli harytlaryň söwdasynda aşakdaky ýagdaýlarda
gözegçilik edilmelidir:

harytlaryň söwda nokadynda bellenen sanawa laýyklykda bardygyna;

satylýan harydyň ýanhaty, harydyň girdeji resminamalaryna;

harytlaryň belgilenilişine we gaplanylyşyna;

harytlaryň saklanyş we ýerlenilişiniň şertlerine;

harytlaryň biri-biri bilen ýanaşyk goýulmagynyň talaplarynyň berjaý edilişine;

harytlaryň ýaramlylyk möhletleriniň berjaý edilişine;

söwda kadalaryň beýleki talaplarynyň berjaý edilişine.

16. Durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny amala aşyrýan şahslar şu Düzgünleriň talaplaryny bozan ýagdaýynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy