24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. Önümçilik kuwwatlylygy ýokary, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň öndürýän ekologiýa taýdan arassa harytlary diňe bir halkymyza ýetirilmän, ol harytlaryň belli bir bölegi goňşy döwletlere-de
ugradylýar.
Ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň ençemesi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişlidir. Bu ministrlige degişli «Altyn damja» haryt nyşanly kärhana hem ýurdumyzda dürli görnüşli alkogolsyz içgileri öndürmekde uly meşhurlyga eýedir. Häzirki wagtda «Altyn damja» kärhanasynyň önümçilik kuwwatlylygy has-da güýçlendi. Kärhanada önümçilik işleri 7 bölümde alnyp barylýar. Bölümlerde 70-e golaý adam zähmet çekip, miwe tagamly şireleriň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu ýerde şire suwlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligi yzygiderli ýola goýulýar. Dürli ölçegli gaplara gaplanyp, elýeter bahadan ýurdumyzyň dükanlaryna ýaýradylýan bu önümlere isleg hemişe ýokary.
«Altyn damjanyň» bulduraýan zer damjalary kimin lezzet beriji suwlary ýurdumyzyň ähli söwda dükanlarynda, bazarlarynda, söwda merkezlerinde alyjylara hödürlenilýär. Müşderileriň islegleri nazarda tutulyp, önümler dürli ululykdaky gaplara gaplanýar.
7 görnüşli gaplara gaplanan «Altyn damja» arassa agyz suwlary, pyrtykal, şetdaly, erik, alma, ülje tagamly 0,6 litrlik miwe şireleriniň 5 görnüşi, şeýle hem 5 görnüşli 1,5 litrlik gazly suwlary diňe bir toý saçaklaryň bezegi bolman, eýsem, halkymyzyň gündelik durmuşda halaýan lezzetleridir.
«Altyn damjanyň» önümlerini Diýarymyzyň ähli söwda merkezlerinde, bazarlarynda hem-de dükanlarynda satyn almak bolýar.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy