24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. Sport şä­her­çesiniň çäk­le­ri­ni ga­wun­dan dol­du­ry­lan tek­je­ler be­ze­di. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň bak­ja­çy­la­ry öz­le­ri­niň iň oňat ga­wun­la­ry­nyň saý­la­ma gör­nüş­le­ri­ni, gar­pyz­la­ry, kä­di­le­ri we ola­ryň gaý­ta­dan iş­le­nen önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. 
Mil­li Li­de­ri­miz bak­ja önüm­le­ri­niň ser­gi­si­niň ug­ry bi­len bar­şy­na da­şa­ry ýurt­ly il­çi­le­re ga­wun­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­ty­nyň to­hum köp­dür­lü­li­gi ba­ra­da gür­rüň ber­di. 
Olim­pi­ýa şä­her­çesiniň çä­gin­dä­ki Sta­di­on­da bo­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi­de oýun­la­ra gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň 64-si­niň, şeý­le hem bos­gun­la­ryň ýy­gyn­dy­sy­nyň we ýe­ne-de iki do­gan­lyk döw­le­tiň—Azer­baý­ja­nyň we Tür­ki­ýä­niň na­har bi­şir­mek däp­le­ri gör­ke­zil­di. Mil­li aş­ha­na­la­ryň baý­ram­çy­ly­gy­ny gu­ra­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ul­ga­myn­dan 20-ä go­laý res­to­ra­nyň iş­gär­le­ri çe­kil­di. Ser­gi­de aja­ýyp gap-gaç­lar­da mil­li na­har­la­ryň ha­ky­ky gör­nüş­le­ri: iş­lek­li, içi dür­li nyg­mat­ly gu­tap­lar, gat­lak­ly, gök­li bö­rek we et­li bö­rek, gaý­na­dy­lan ga­ra çor­ba we toý çor­ba­sy, pa­law, unaş we kak­maç, ýar­ma we beý­le­ki­ler hö­dür­len­di. Türk­men aş­ha­na­sy­nyň ta­gam­la­ry­nyň ýa­nyn­da Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi, şeý­le hem hu­su­sy azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dü­ri­ji­ler öz ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar. 
Her ýur­duň baý­da­gy as­tyn­da 4-den 6-a çen­li ta­gam­la­ryň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di. Çä­rä gat­na­şy­jy­lar türk­men aş­pez­le­ri­niň bi­şi­ren na­har­la­ry­ny, iş­däa­çar­la­ry hem-de süý­jü­lik­le­ri di­ňe bir da­dyp gör­män, eý­sem, oňaý­ly sto­luň ba­şy­na ge­çip, ha­lan na­har­la­ry­ny bu­ýur­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. 
Şol gün Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mej­lis­ler za­lyn­da “Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň bak­ja­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly yl­my-önüm­çi­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da öň­de­ba­ry­jy bak­ja­çy­lar, alym-ag­ro­nom­lar, seç­gi­çi­ler, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň yl­my ins­ti­tut­la­ry­nyň hem-de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry bar. Mas­la­hat ta­mam­la­nan­dan soň­ra “Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň us­sat bak­ja­çy­sy” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. We­la­ýat bäs­le­şik­le­ri­niň çäk­le­rin­de “Al­tyn ga­wun”, “Iň uly gar­pyz”, “Iň uly kä­di”, “Tä­sin bak­ja önü­mi” we “Us­sat seç­gi­çi” ugur­la­ry bo­ýun­ça baý­rak­ly orun­la­ra eýe bo­lan iň go­wy bak­ja­çy­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na bir aýyň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li wa­ka­la­ra baý bo­lan gü­nüň jem­leý­ji çä­re­si bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz dür­li öwüş­gin­li çy­kyş­la­ryň hor­mat­ly to­ma­şa­çy­sy bol­dy. Kon­ser­te “Love Me Again” aý­dy­my bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “UK Sing­les Chart-2013” at­ly aý­dym-saz bäs­le­şi­gin­de bi­rin­ji or­ny eýe­län bel­li est­ra­da aý­dym­çy Jon Nýu­men gat­naş­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ägirt uly mo­ni­tor­lar­da ýaň­la­nan “Bagt nu­ry” we “Ýa­dym­da” di­ýen aý­dym­la­ry gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir dö­re­dip, da­ba­ra aý­ra­tyn joş­gun­ly­lyk çaý­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Aş­ga­bat 2017” Oýun­la­ry­nyň se­na­sy hök­mün­de saý­la­nyp al­nan “Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” at­ly aý­dy­my kon­ser­tiň jem­leý­ji pur­sa­dy­na öw­rül­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň şu gü­nü­ne we nu­ra­na gel­je­gi­ne ba­gyş­la­nan bu aý­dy­my köp san­ly to­ma­şa­çy­lar alyp gö­ter­di­ler. Aş­ga­ba­dyň ag­şam­ky as­ma­ny­ny ýag­ty­lan­dy­ran aja­ýyp fe­ýer­werk baý­ram­çy­lyk ag­şa­my­ny ta­mam­la­dy. 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy