24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.Alyjylar ol ýerlere günüň islendik dowamynda gerekli önümlerini almaga barýarlar. 24 sagat hereket etmegi girdejisine-de ep-esli derejede täsir eden dükanlarda azyk önümlerinden başlap, senagat, hojalyk we durmuş maksatly ähli önümleri almak bolýar. Bu ýerlerde alyjylaryň dynç almagy üçin amatlykda göz öňünde tutulan kafeteriýlerde naharlanmaga we ýörite tagamlardan sargyt etmäge-de mümkinçilikler döredilendir.
«Azia­da – 2017» hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da top­lu­my­na de­giş­li bo­lan dü­kan­la­ryň 7-si 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da he­re­ket edýär. Ol dü­kan­lar­da we söw­da mer­kez­le­rin­de dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan gel­jek myh­man­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat hödürlenýär. Söw­da no­kat­la­ry azyk önüm­le­rin­den baş­lap, ze­rur bolan beýleki ha­ryt­la­ryň en­çe­me gör­nü­şi bar.
Şeýle dükanlaryň biri Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň go­la­ýyn­da­ky Mil­li söw­da mer­ke­zidir.  Ol Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň 40-njy ja­ýyn­da ýer­le­şip, onda di­ňe bir azyk önüm­le­ri däl, se­na­gat we ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň giň gör­nü­şi halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­lenýär. Şeý­le-de «Mi­ras» dü­ka­ny (Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­lunyň 230/1 ja­ýy), «Be­re­ket» dü­ka­ny (Ga­raş­syz­lyk şa­ýo­lunyň 60-njy ja­ýy), «Paý­tagt» söw­da mer­ke­zi (10 ýyl Aba­dan­çy­lyk kö­çe­si­niň 60-njy ja­ýy) hem-de «Bag­ty­ýar­lyk» söw­da-dynç alyş mer­ke­zin­dä­ki «Şa­za­da» su­per­mar­ke­ti (Oguz­han kö­çe­si­niň 112-nji ja­ýy) we «Ber­ka­rar» söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­niň «Kä­mil mar­keti» (Ata­türk kö­çe­si­niň 80-nji ja­ýy), «Al­tyn asyr» söw­da mer­ke­zi (10 ýyl Aba­dan­çy­lyk kö­çe­si­niň 98-nji ja­ýy) gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da müş­de­ri­le­ri­niň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dy­rar.
Söw­da mer­kez­le­ri we dü­kan­la­ry myh­man­la­ra eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hi­li önümleri hödürlär. Şeý­le hem söw­da no­kat­la­ryn­da ka­fe­te­riý­ler hyz­mat edýär. Ildeşlerimiz we ýurdumyzyň myhmanlary 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­de na­har­lan­ma­ga we dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik alýar­lar. 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy