Email: Info@mintradefer.gov.tm
 
Aşgabat şäheri boýunça

Aşgabat şäheriniň söwda müdirligi

Alyp barýan işleriniň ugry: Söwda we jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda söwda düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Bazarlaryň we dükanlaryň haryt üpjünçiligi öwrenilip, ony has-da gowulandyrmak boýunça kärhanalar we guramalar bilen degişli işler yzygiderli geçirýär. Harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar nyrhlaryna statistiki gözegçiligi geçirýär. Şeýle hem harytlaryň ortaça bölek satuw bahalaryny anyklamak üçin, Aşgabat şäher statistika müdirligi, Aşgabat şäheriniň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirligi bilen bilelikde monitoring geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 96-njy jaý.

Tel: +993 12 93-50-10. Faks: +993 12 93-58-48.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Döwlet söwda gözegçiligi gullugy

Alyp barýan işleriniň ugry: Döwlet boýunça söwda gözegçilik syýasatyny alyp barýar.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy Türkmenistanyň çäginde söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlary edýän edara we kärhanalarda düzgünleşdirilýän nyrhlaryň dogry ulanylyşyna, söwda medeniýetine, harytlaryň, hyzmatlaryň hiline, çeküw we ölçeg abzallarynyň, söwda, tehnologik we mukdarlaýjy enjamlaryň hem-de nagt däl töleg terminallarynyň işledilişine we peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 96-njy jaý. Tel: +993 12 93-74-00. Faks: +993 12 93-57-93.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Aşgabat» döwlet söwda firmasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomay we bölek söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Senagat, azyk harytlary we gülleriň söwdasy. Şeýle hem gözellik salonlary we dellekhanalary, tikinçilik sehleri, jemgyýetçilik iýmit hyzmat ediş nokatlary, dermanhanasy, Halkara howa menzilinde «Duty free» dükany hereket edýär.

Salgysy:Aşgabat ş., Azady köçesi, (2011) 72/1.

Tel: +993 12 92-14-97. Faks: +993 12 92-25-43.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Gurluşyk, öý hojalygy we kanselýariýa harytlarynyň bölek we lomaý söwdasyny amala aşyrýar. «Dostluk» azyk önümleri we 4 sany gurluşyk harytlary dükanlary, aýna-gapy we mebel önümlerini öndürýän sehi hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Geldi Bäşiýew köçesi, 89-njy jaýy.

Tel: +993 12 75-26-68. Faks: +993 12 75-21-81.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda, azyk harytlarynyň önümçiligi.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda firmasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmek maksady bilen elýeterli bahalardan halkymyzy et, süýt önümleri bilen üpjün etmek bolup durýar. Söwda firmasy daşary ýurtlardan azyk harytlaryny getirmek we içerki bazarda ýerlemek bilen meşgullanýar. Firmanyň düzüminde et konserwalaryny we şöhlat önümlerini öndürýän sehler hereket edýär. Mundan başga-da et we süýt önümleriniň bölek söwdasy, harytlary saklamak we sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek işlerini amala aşyrýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi (1930), 1-nji jaý. Tel: +993 12 76-02-22.

Faks: +993 12 76-19-05.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Maral» döwlet kärhanasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Tebigatyň gözel ýerinde ýerleşýän «Maral» döwlet kärhanasynyň «Maral» restoranynda dynç almak, wagtyňy hoş geçirmek we dagyň jana şypaly arassa howasyndan dem almak üçin ähli şertler döredilendir. Gökdere jülgesinde ýerleşýän 200 orunlyk bu restoranda şanly seneleri, toýlary bellemek üçin ýokary derejede hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil etraby.

Tel: +993 12 92-15-93. Faks: +993 12 92-15-96.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Ruhabat önümçilik söwda birleşigi.

Alyp barýan işleriniň ugry: Önümçilik we söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhanada çörek, konditer, şöhlat, süýt we süýt önümleri önümçiligi guralan sehler hereket edýär. Şeýle hem kärhana ISO (hil) we HACCP (menejment) halkara sertifikatlarynyň eýesidir.

Salgysy: Aşgabat ş., Ruhabat etraby, Ýasmansalyk obasy.

Tel: +993 12 29-09-69. Faks: +993 12 29-10-67.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Ruhubelent» toý mekany.

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran, toý hyzmatlary.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: «Ruhubelent» toý mekany paýtagtymyzda toý dabaralarynyň geçirilýän ýerleriniň biridir. Onuň binasy 2 gatdan ybarat bolup, birinji gatynda 600 orunlyk, ikinji gatynda 750 orunlyk toý zaly halka hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý.

Tel: +993 12 23-71-00. Faks: +993 12 23-76-00.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmenhim» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Dürli himiýa we boýag önümleriniň, awtoulag hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň tekerleriniň, rezin, azbest we beýleki himiýa harytlarynyň satuwy amala aşyrylýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Abadan etraby, Abadan ýaşaýyş toplumy, 8-nji jaýy.

Tel: +993 12 33-49-40. Faks: +993 12 33-50-77.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Nusaý» lomaý-bölek söwda kärhanasy.

Ugry: Lomaý we bölek söwda.

Hyzmatlary: Söwda kärhanasynyň 1 sany 150 orunlyk, 2 sany 120 orunlyk restoranlary ilata we paýtagtymyzyň myhmanlaryna ýokary derejede hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçe (1945), 98-nji jaý.

Tel:+993 12 47-81-76.

Faks: +993 12 47-81-88.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Bölek söwda, market, azyk harytlary.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda kärhanasynyň garamagyndaky 40 sany dükan müşderilere ýokary hilli hyzmaty hödürleýär.

Salgysy: Aşgabat ş., A. Nyýazow şaýoly, 253-nji jaý.

Tel: +993 12 36-23-43. Faks: +993 12 36-23-43.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri:Döwlet kärhanasy öz garamagyndaky Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki «Türkmenistanyň Söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki «Türkmen- Belarus Söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen bilelikdäki jemgyýeti we Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki «Türkmen-Türk Söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti söwda öýleriniň üsti bilen ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportyny we ýurdumyza zerur önümleriň importyny amala aşyrýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 96-njy jaý.

Tel: +993 12 93-56-66, Faks: +993 12 93-61-93.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik iýmiti» döwlet kärhanasy.

Alyp barýan işleriniň ugry: Kafe, restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhanada 250 orunlyk «Gamyş» we 120 orunlyk «Jeýhun» restoranlary hereket edýär. Mundan başga-da 70 orunlyk «Gunça», 80 orunlyk «Gülälek», 64 orunlyk «Süýji nygmatlar», 200 orunlyk «Çigildem» we 150 orunlyk «Körpe» kafeleri halka hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., 2058-nji köçe, 8-nji «A» jaý.

Tel: +993 12 34-34-79. Faks: +993 12 34-93-57.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Medeni-durmuş, hojalyk, galantereýa harytlary»

döwlet lomaý-bölek söwda firmasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda, market.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda firmasynyň garamagynda 3 sany azyk we senagat harytlary dükany, 1 sany «Parfýumeriýa» dükany, 2 sany mata önümleri dükany hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 191/1 jaý.

Tel: +993 12 95-00-21. Faks: +993 12 95-05-82

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Howdan-Bajygyran» döwlet söwda firmasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda firmasynyň garamagynda 4 sany söwda dükany bolup, olar aşhana enjamlarynyň we tekstil önümleriniň söwdasyny alyp barýar. Şeýle hem firmanyň esasy wezipeleriniň biri serhetýaka söwdasyny guramak bolup durýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçe. 23-nji jaý.

Tel: +993 12 94-73-54,

Faks: +993 12 94-62-86.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Kümüş Aý» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran, bar.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhananyň garamagynda 40 orunlyk bar (Britan äheňinde), tomusky restoran we 30 orunlyk tans zaly hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 73-nji jaýy.

Tel: +993 12 93-21-09. Faks: +993 12 93-21-09.

«Altyn damja» agyz suw kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Önümçilik kärhanasy.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhanada alkogolsyz, agyz suw içgileri, miwe suwlary we piwo içgisi öndürilýän sehleri hereket edýär. Kärhana miwe suwlarynyň 6 görnüşini, alkogolsyz içgileriniň 6 we piwonyň 2 görnüşini öndürýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Abadan etraby, Jülge ýaşaýyş jaý toplumynyň Akdepe şäherçesi.

Tel: +993 12 32-45-34.

Faks: +993 12 32-45-34.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşigi

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Birleşik ýurdumyza zerur bolan harytlary daşary ýurtlardan satyn alyp, olaryň lomaý söwdasyny amala aşyrýar. Şeýle hem birleşigiň garamagynda «Joşgun» söwda merkezi, «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, 140 orunlyk 2 sany restorany halka hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 94-nji jaýy.

Tel: +993 12 93-82-22. Faks: +993 12 93-82-22.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Altyn asyr» söwda merkezi

Alyp barýan işleriniň ugry: Söwda, önümçilik we restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda merkeziniň garamagynda 500 orunlyk «Altyn asyr» restorany, «Altyn asyr» kafesi, «Çagalar dünýäsi» dynç-alyş merkezi halka hyzmat edýär. Şeýle-de merkeziň düzüminde 9 sany kafe, 3 sany söwda dükany we çörek bişirýän seh hereket edýär

Salgysy: Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly, 84-nji jaý.

Tel: +993 12 42-00-31. Faks: +993 12 42-00-31.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda, market.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Azyk, gurluşyk hem-de elektrik enjamlaryny, senagat we hojalyk harytlarynyň satuwyny amala aşyrýar. Onuň düzüminde 66 dükan, 8 sany jemgyýetçilik iýmiti hyzmat ediş nokatlary hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş. Andalyp köçesi, 45-nji jaý.

Tel: +993 12 26-82-31. Faks: +993 12 26-82-64.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Tokaý hojalygy» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Oba hojalygy.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhananyň düzüminde 1 sany athanasy we 2 sany ýyladyşhanasy bar. Ýyladyşhanalarda gyş paslynda gök önümler ösdürip ýetişdirilýär we elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär. Şeýle hem 1829 gektar ýerde 1 mln. 38 müň 650 sany pürli we saýaly baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 191/1.

Tel: +993 12 21-02-69. 

Faks: +993 12 21-02-60.

_____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«ŞIR» hokkeý kluby

Alyp barýan işleriniň ugry: Sport (hokkeý). «Şir» hokkeý kluby özüniň ýetginjek hokkeýçileri bilen häzire çenli ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp gelýär we ýokary derejeli baýraklaryň eýesidir. Türkmenistanyň öňdebaryjy toparlarynyň birine öwrülen «Şir» hokkeý kluby hokkeýçileriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen netijeli işleri guraýar. Olaryň sport ugrundan hemmetaraplaýyn ösmeginde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 101/1.

Tel: +993 12 21-71-85.

Faks: +993 12 21-71-82.

_____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Kompýuter tilsimaty merkezi  Çaphana we kompýuter hyzmatlary.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Merkeziň düzüminde çaphana we mahabat bölümi hem-de gözegçilik kamerasy we ýangyn howpsuzlyk enjamlaryny gurnaýan bölüm hereket edýär. Şeýle-de ýurdumyzda IT tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen hytaý kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Salgysy : Aşgabat ş. Magtymguly şaýoly, 111 «A» jaý

Tel: +993 12 93-60-26. Faks: +993 12 93-60-06.

E-mail: tdsoft@online.tm, Websaýt: www.cct.com

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Biznes reklama» gazeti 

Alyp barýan işleriniň ugry: Metbugat.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: «Biznes reklama» gazeti ýurdumyzyň Söwda toplumynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, ýerli önümçilik habarlaryny okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirýär. Gazetiň sahypalarynda dünýä ykdysadyýeti, biznesi, täzelikleri çap edilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1.

Tel: +993 12 21-97-61; 21-97-62.

Faks: +993 12 21-97-19. E-mail: biznes.reklama@list.ru, biznes.reklama.gazeti@gmail.сom

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Başlangyç hünär  okuw mekdebi

Alyp barýan işleriniň ugry: Başlangyç hünär okuwy.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri:

Başlangyç hünär okuw mekdebi gündizki we agşamky okuwlarda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýar. Talyplar «Aşpez-konditer tehnology», «Buhgalter», «Haryt öwreniji», «Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümlerini gurnaýjy», «Menejer» ugurlary boýunça 10 aýlyk hem-de 1,5 ýyllyk okuw möhletinde hünär öwrenýärler.

Salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 49-njy jaý.

Tel: +993 12 34-67-62. Faks: +993 12 34-67-11.

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Söwda-kooperatiw mekdebi

Alyp barýan işleriniň ugry: Orta hünär okuwy.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Ýurdumyzyň pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak. Okuw möhleti iki ýyl bolan Söwda kooperatiw mekdebinde «Buhgalter hasaby we maliýeleşdirmek», «Söwdanyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Söwdany guramak we dolandyrmak», «Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy» ýaly ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 51- nji jaý.

Tel: +993 12 34-34-47. Faks: +993 12 34-32-88.

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek

söwda firmasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda, market, azyk harytlary.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda firmasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmekde elýeterli bahalardan halkymyzy ýag, şeker, süýt önümleri, miweler, marinad, konditer un we unaş ýaly azyk önümleri bilen üpjün etmek bolup durýar. Söwda firmasy daşary ýurtlardan bakaleýa harytlaryny getirmek we içerki bazarda ýerlemek bilen meşgullanýar. Firmanyň garamagynda 1 sany naharhana, 3 kafeteriý we 8 sany azyk söwda dükanlary hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Talbuhina köçesi, 2-nji jaý.  Tel: +93312 34-70-76. Faks: +993 12 34-74-34.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Aşgabat şäher bazarlar birleşigi

Alyp barýan işleriniň ugry: Bazar, söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Aşgabat şäher Bazarlar birleşiginiň garamagynda bazarlaryň 13-si, bazarlaryň şahamçalarynyň 3-si hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 110-njy jaý.

Tel: +993 12 21-70-05.

Faks: +993 12 21-70-03.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Abadan» önümçilik kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Önümçilik.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhanada gök-miwe konserwalary, alkogolly we alkogolsyz içgileri, çörek we konditer sehleri hereket edýär. Şeýle hem umumy meýdany 3900 m2-a deň bolan sowadyjy ammary bar.

Salgysy: Aşgabat ş., Ülker köçesi, 1-nji jaý.

Tel: +993 12 35-23-02. Faks: +993 12 35-23-04.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Altyn ýyldyz» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran, dynç alyş.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Merkeziň binasynda 360 orunlyk toý mekany, 70 orunlyk resmi banketler zaly we çagalar üçin niýetlenen oýun enjamlary ornaşdyrylan zal ilatymyza ýokary derejede hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., S.Seýdi köçesi, 12-nji jaý.

Tel: +993 12 92-07-95.

Faks: +993 12 92-37-96.

__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Parahat» medeni-dynç alyş merkezi

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Medeni-dynç alyş merkezinde internet kafe, tomusky kafe, 600 orunlyk restoran, 40 orunlyk kinozal hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 98/1 jaý.

Tel: +993 12 93-79-35.

Faks: +993 12 93-53-65.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Dag goçy» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhananyň binasynda 330 orunlyk, 140 orunlyk, 25 orunlyk restoranlar şeýle hem eýwanda tomusda dynç almak üçin saýawanlar bilen enjamlaşdyrylan 6 orunlyk, 8 orunlyk we 14 orunlyk ýerler müşderilere hyzmat edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil etraby, Gökdere jülgesi, 45-nji jaý.

Tel: +993 12 21-86-28. Faks: +993 12 21-86-36.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Keýik» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhananyň binasynda 330 orunlyk, 140 orunlyk, 25 orunlyk restoranlar we eýwanda tomusda dynç alyş üçin saýawanlar bilen enjamlaşdyrylan ýerler halka ýokary hilli hyzmat edýär. Restoranyň çägindäki ýanaşyk ýerde amatly tomusky bassyrmalaryň birnäçesi hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil etraby,

Gökdere jülgesi, 35-nji jaý.

Tel: +993 12 31-28-01.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Milli söwda merkezi

Alyp barýan işleriniň ugry: Restoran.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Milli söwda merkeziniň binasynda 1 sany supermarket we mebel dükany, 135 orunlyk toý zaly we iki sany çaýhana müşderilere hyzmat edýär

Salgysy: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 40 «A».

Tel: +993 12 21-25-78. Faks: +993 12 21-26-80.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Altyn» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Söwda.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Firmanyň paýtagtymyzda 5 sany dükany bolup, olaryň üçüsi altyn-kümüş we beýleki gymmat bahaly şaý-sepleriň, sagatlaryň we sowgatlyklaryň söwdasyny guramaga niýetlenen. Şeýle-de çaga egin-eşiklerini, oýnawaçlar satýan bir dükany we aýakgap önümlerini satýan bir dükany bar. Firmanyň Daşoguz şäherinde hem şaý-sepleri satýan dükany hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., B.Kerbabaýew köçesi, 27-nji jaý.

Tel: +993 12 93-21-09. Faks: +993 12 93-21-09.

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmeneksport» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporty.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Kärhananyň esasy wezipesi daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, ýerli önüm öndürijileriň önümlerini eksport etmek we içerki bazara gerek bolan harytlary amatly şertlerde import etmek bolup durýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 101/1 jaý.

Tel: +993 12 21-86-28.

Faks: +993 12 21-86-39.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Jülge» alkogolly we alkogolsyz içgilerini

öndürýän kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Önümçilik.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri:

Kärhanada alkogolly hem-de gazlandyrylan miweli içgiler, arassa agyz suwy öndürilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Ruhabat etrabynyň Parahat ýaşaýyş toplumy, Ülker köçesi, 12-nji jaý.

Tel: +993 12 35-23-09. Faks: +993 12 35-23-10.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

«Türkmensöwdahyzmat» döwlet kärhanasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Abatlaýyş we gurnama.

Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Döwlet kärhanasy şäher elektrik toguny geçiriji ugurlary çekmek, elektrik togy bilen gurnama, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň tehniki synagyny geçirmek, söwda-tehnologik we sowadyjy enjamlary, kassa aparatlary bejermek hem-de olara tehniki hyzmat etmek, raýat inženerçilik işleriniň gurluşygy, suw desgalarynyň gurluşygy, bezeg, suwag ýaly işleri amala aşyrýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 304-nji jaý.

Tel: +99312 93-56-84.   Faks: +99312 93-58-05.

_________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.