Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Älemgoşaryň rekordy

Golaýda Taýwandaky Hytaý medeniýet uniwersitetiniň professorlary we talyplary dokuz sagatlap dowam eden älemgoşara tomaşa etdiler. Atmosfera bilimleri hünäriniň professory Çou Kun-hsuan bu hadysanyň örän ajaýypdygyny, asmandan goýberilen sowgatdygyny belleýär. Professor Liu Çing-huang bu hünäriň talyplary bilen täsin tebigy hadysany ýazga aldylar. Professor Çou diňe öz talyplarynyň 10 müň fotosurat düşürendiklerini, beýleki ugurlarda okaýan talyplaryň hem-de ony tomaşa etmäge gelen adamlaryň hem müňlerçe surata düşürendiklerini aýdyp, Ginnesiň hünärmenlerine bu hadysanyň dokuz sagat dowam edendigini sekuntma-sekunt subut edip biljekdiklerini mälim etdi. Älemgoşaryň beýle köp wagtlap dowam etmegine ygal zerarly howadaky çyglylygyň saklanmagy, bulutly howa, güneş we tizligi sekuntda 2,5 metre ýetýän şemalyň täsirli bolandygy sebäp bolupdyr. Ýurduň Ýanminşan daglyk sebitinde şular ýaly tebigy şertleriň köp gabat gelýändigini aýdan professor bu ýagdaýyň daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýändigini belledi.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.