Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Dünýäniň iň ýyndam uçary.

Uçar önümçiligi pudagynda iş alyp barýan «Lockheed Martin» dünýäniň iň ýokary tizlikli kiçi göwrümli ýolagçy uçaryny işläp taýýarlamagyň aladasyny edýär. Kompaniýa bu maksat bilen «Aerion Corp» korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Golaýda kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri tizligi sesden ýokary bolan uçary öndürmek boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Bu ylalaşyk bilen «Aerion» öz hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrdy. «Aerion» mundan ozal Ýewropanyň «Airbus» kompaniýasy bilen şeýle uçaryň taslamasy we hereketlendirijisi babatda bilelikde işlejekdigini mälim edipdi. «Lockheed» bu uçary öndürmek üçin Amerikan aerokosmos edarasy NASA bilen bilelikde işleýär. Täze uçar 2023-nji ýylda taýýar bolar we ol 12 ýolagça niýetlenen bolup, häzirki wagtda 7 sagatda geçilýän Nýu-Ýork-London aralygyny 4 sagatda külterlär. Sesden tiz gidýän uçar gatnawlary 2003-nji ýylda ýatyrylypdy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.