Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Teslanyň» ýiti bäsdeşi

Hytaýyň elektroulag öndüriji «Nio» kompaniýasy «Tesla Model X» ulagyndan iki esse arzan satyljak «ES8» modelini tanyşdyrdy. Dünýäniň iň iri elektroulag bazary bolan Hytaýda bu ugurda ýiti bäsdeşlik dowam edýär. Ýurtdaky bu bazardan has köp paý almak isleýän dünýäniň iri awtoulag öndürijileri hem maýa goýumlaryny artdyrýarlar. Soňky ýyllarda Hytaýyň tehnologiýa şereketleri bu ugurda köp alada edýär. 2014-nji ýylda döredilen «Nio» kompaniýasynyň ilkinji hödürlän modeli bolsa, deň derejeli elektroulaglar bilen deňeşdirilende bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar. Bu ulag 67 müň 765 dollardan hödürlener. Amerikan «Teslanyň» «Model X» ulagy 126 müň 740 dollardan satylýar. «Nio ES8», ilkinji nobatda, Hytaýda satuwa çykarylar. Kompaniýa howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, döwlet tarapyndan berilýän goldawdan hem peýdalanar.
7 orunlyk ulag «ES8» sagatda 100 km tizlige 4,4 sekuntda ýeter. Ol bir gezekki zarýady bilen 355 km ýol geçer.

Hytaýda howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin elektroulag öndürýän kompaniýalara goldaw berilýär. Bu ýagdaý BMW  «Mercedes», «Volvo» ýaly iri önüm öndürijileriň bu ýurtda önümçilik desgalaryny gurmak üçin hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegine getirýär. Elektroulag satuwynda şu ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 51,4 göterim ösüş gazanyldy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.