Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Aziýanyň ykdysadyýeti ýokary depgin bilen öser

Aziýanyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleri üstümizdäki ýylda hem ösüşi dowam ederler. Beýik Britaniýanyň ykdysadyýet we biznes barlaglary merkeziniň (The Centre for Economics and Business Research) taýýarlan soňky habarnamasynda Hindistanyň Beýik Britaniýadan we Fransiýadan öňe geçip, ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde 5-nji döwlet boljakdygyny belleýärler. Hindistan ýene 10 ýyldan jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýä döwletleriniň sanawynda 3-nji orna çykar.

Beýik Britaniýanyň ykdysadyýet we biznes barlaglary merkeziniň hünärmenleriniň pikirine görä, ýene 15 ýyldan dünýäniň iň kuwwatly ykdysadyýeti bolan 4 döwletiniň 3-siniň Aziýa degişli boljakdygyny, olaryň Hytaý, Hindistan, Ýaponiýa döwletleridigini belleýärler.

2032-nji ýylda Hytaý ykdysady ösüşi boýunça ABŞ-y yzda galdyryp, 1-nji orna geçer diýlip çaklanylýar. Ykdysady kuwwaty babatda ilkinji 10-luga girýän döwletleriň sanawyna Koreýa Respublikasy bilen Indoneziýanyň hem girjekdigini nygtamak gerek.

 “www.ru.euronews.com” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.