Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Dünýäde bäşinji ýerde.

Göwher känlerine baý bolan Lesotoda ululygy babatda 5-nji ýerde durjak göwher daşy tapyldy. 910 karatlyk örän dury bolan bu daşyň bahasynyň 33 million ýewro bolmagyna garaşylýar. Daş bu ýerde iş alyp barýan «Gem Diamonds» iňlis firmasy tarapyndan tapyldy. Firmanyň başlygy Klifford Elfik onuň golf topundan kiçiräkdigini aýdyp, seýrek duş gelýän hildedigini belledi. Ol şeýle uly göwheriň tapylmagynyň seýrek duşýandygyny belläp, mundan ozal hili şuňka meňzeş 603 karatlyk göwheriň tapylandygyny aýtdy. Göwherler D, E we F belgileri bilen tapawutlandyrylyp, hiç hili reňki ýokdugy üçin has gymmat hasaplanýar. Tapylan göwheriň D reňk derejesine eýedigi mälim edildi. 1905-nji ýylda Günorta Afrikanyň Pretoriýa şäherinde tapylan 3 106 karatlyk daş iň uly çig göwher hasaplanýar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.