Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Biržalaryň bahasy 80,8 trillion dollar

Geçen ýylyň dowamynda dünýäde biržalaryň gymmaty 2016-njy ýyldakydan 15,5% artyp, 80,837 trillion dollara ýetdi. Bütindünýä Biržalar Federasiýasynyň (WFE) maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylyň ahyrynda dünýä biržalarynyň gymmaty 70 trillion 15 milliard 536 million dollar boldy. Mukdar babatda alnanda, geçen ýyl artyş 10 trillion 822 milliard 285,2 million dollar boldy. Birža bazaryna sebitleýin seredilende, geçen ýyl Aziýa-Ýuwaş ummany has uly öňegidişlik gazandy. Bu sebitde 25,7% artyş hasaba alnyp, görkeziji 28 trillion 968,5 milliard dollara ýetdi. Agzalýan döwürde Amerika sebitindäki biržalarda 17,8% ösüş gazanylyp, 36 trillion 517,1 milliard dollara ýetdi. Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar sebitindäki biržalaryň umumy gymmaty 15 trillion 352,2 milliard dollar boldy. Dünýä biržalarynyň arasynda iň köp ösüş Belarusda hasaba alyndy. Ýurtdaky biržanyň bazar gymmaty 127 esse ýokarlanyp, 157 milliard 616,5 million dollara ýetdi. Belarus 2016-njy ýylda-da bazar gymmatyny 132% artdyrdy. Şeýlelikde, Belarus biržasy yzly-yzyna iki ýyl iň köp ösüş gazandy. Biržalaryň arasynda Nýu-Ýork geçen ýyl birinjilik ornuny saklap galdy. 2016-njy ýylyň ahyrynda 19 trillion 573,1 milliard dollarlyk nyrhy bolan birža 12,8% ösüş gazanyp, bu görkezijini 22 trillion 81,4 milliard dollara ýetirdi. Tehnologiýa ägirtleriniň jemlenen ýeri bolan «Nasdaq OMX» bolsa, bazar nyrhyny geçen ýylyň ahyrynda 29,1% ýokarlandyryp, 10 trillion dollardan geçirdi. Şeýlelikde, Nýu-Ýork biržasy bu şäherde ýerleşýän we iň uly bäsdeşi «Nasdaq OMX»-den iki esse gymmat boldy. Bazar bahasy babatda dünýä biržalarynyň arasynda üçünji ýeri 6,2 trillion dollarlyk gymmaty bolan «Japan Exchange Group» (Tokýo) aldy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.