Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ägirt desgalaryň sanawy artar

Ýakyn günlerde Londonda ýene  bir özboluşly desganyň emele gelmegine garaşylýar. Ol «Golf Ball» atly ägirt saz zaly. Çüýşeden ýasalan «Golf Ball» şary Gündogar Londondaky Olimpiýa seýilgähiniň golaýyndaky boşluk ýerde gurular.  Ilkinji meýilnamalara görä, ol ägirt sfera şekilini emele getirip, ýerden ýokarda ägirt ägirt gönüburç sütünleriň üstünde ýerleşdiriler.  

    «New York Kniks» basketbol klubynyň eýesi «Madison Square Garden (MSG)» kompaniýasy  bu taslamanyň buýrujysy hökmünde ony emele getirmekde London we Uwemli stadionlaryny guran arhitektorlara tabşyrypdyr. Bu desga gümmez şekilli üçekden we köp hatarly oturgyçlardan ybarat bolup, 20 müň adamy özüne ýerleşdirip biler. Onuň boýy 128 metre çenli uzar.

   «Golf Ball» geljekde Londonda öňden meşhur bolan  «The Walkie Talkie», «The Gherkin» we «The Cheese Grater» ýaly desgalaryň hataryna goşular.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.