Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Kofe taýýarlaýan robot

Tokioda açylan kafede oňa barýanlara robot hyzmat edýär. “Henn-na Café” diýip atlandyrylýan bu kafeniň ady ýapon diline terjime edilende “Adaty bolmadyk kafe” diýmegi aňladýar.

Gürrüňi edilýän kafe robotlaryň hyzmat edýän ilkinji jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy hökmünde hasaba alnypdyr. Soýer diýlip at berlen robot sargyt edilen kofäni özbaşdak taýýarlamaga ukyplydyr.

Müşderiler kofe sargyt etmek üçin ýörite enjamyň kömeginden peýdalanýarlar. Şol ýerde onuň çyzykly belgilerini çap edýärler. Şoňa laýyklykda hem kofe taýýar edilip, müşderä uzadylýar.

Bir bulgur kofäniň bahasy 3 amerikan dollaryna barabardyr. Soýer bir wagtyň özünde müşderileriň 5-sine hyzmat edip bilýär.

Her bir kofe üçin ol ortaça 4 minut sarp edýär. Onuň tagamy adaty kofelerden üýtgeşik bolmasa-da, robotyň ukybyny “synagdan” geçirmek isleýänleriň sany köpelmese azalmaýar.

Terjime eden Hojaberdi APBAÝEW.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.