Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Her aýda 350 müň

To­mus pas­lyn­da ga­wun­dyr gar­py­zyň ýa­ny bi­len gyz­gyn­jak çö­rek­den ýü­rek­se edin­me­gi hem­me­ler ha­la­ýan bol­sa ge­rek. Çö­re­gi bak­ja ekin­le­ri bi­len iý­mek ha­sam lez­zet­li. Ýa­ňy­ja bi­şen çö­re­giň ýa­kym­ly ysy­nyň, üýt­ge­şik ta­ga­my­nyň iş­dä­ňi açy­jy­lyk hä­si­ýe­ti bar. Di­ýa­ry­myz­da köp­çü­lik­le­ýin sarp edil­ýän bu önü­mi ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň en­çe­me­si he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri-de Ahal we­la­ýat aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň bir­le­şik­le­ri­niň Gök­de­pe et­rap aly­jy­lar jem­gy­ýe­ti­niň söw­da taý­ýar­la­ýyş önüm­çi­lik se­na­gat kär­ha­na­sy­dyr. 

2016-njy ýyl­da dur­ky tä­ze­le­nip, önüm­çi­li­gi­ne ba­dal­ga ber­len kär­ha­na­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi iki es­se ýo­kar­lan­dy. Onuň ga­lyp çö­re­gi bö­lü­min­de üç, türk­men çö­re­gi bö­lü­min­de bol­sa iki çal­şyk bo­ýun­ça 24 hü­när­men zäh­met çek­ýär. Kärhanada her aýda 350 müň çörek öndürilýär.

Önüm­çi­li­gin­de il­ki bilen ha­myr taý­ýar­laý­jy ga­zan­la­ra ge­rek­li muk­dar­da un guý­lup, içi­ne duz, suw, çi­şi­ri­ji kül­ke­ler go­şul­ýar. Saz­la­nan en­jam iş­läp, ha­my­r taý­ýar bolan­soň, zo­wa­la bö­lü­ji ab­za­la ge­çi­ril­ýär. Bö­lü­nen ha­myr­lar aram ga­lyň­lyk­da ýa­ýy­lyp, bi­raz çiş­ýän­çä bug ota­gyn­da sak­lan­ýar. Soň­ra gyz­gyn­ly­gy saz­la­nan pe­je ge­çi­ril­ýär. Bi­şen çö­rek­le­riň ýü­zü­ne ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy çal­nyp, so­wa­ýan­ça sal­kyn otag­da sak­lan­ýar. Gel­jek­de bu ýer­de çö­re­giň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň – pe­tir çö­re­giň, «Ser­dar», «Şöh­le» dür­tük­li çö­re­giň, toý kül­çe­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 
 Dog­lan gün­le­ri, dur­muş to­ýy, diş to­ýy, gal­pak to­ýy, ak go­ýun to­ýy ýa­ly mil­li toý­la­ryň sa­ça­gy­ny giň­den ýa­zyp, me­le-mys­syk türk­men çö­rek­le­rin­den, pe­tir­dir kül­çe­ler­den myh­man­la­ry hez­zet­le­mek is­le­se­ňiz, bu kär­ha­na ýüz tu­tup bi­ler­si­ňiz! 

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.