24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Datly pisselerden dadyň!

Önümleriň ýokary hilliligini, sarp edijiler tarapyndan ykrar edilmegini gazanmak  – döwrüň talaby. Şoňa görä gaýratly zähmet çekýän ýerli önüm öndürijilerimiz abyrsyz iş alyp barýarlar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky telekeçi Batyr Röwşenowyň hususy kärhanasy-da şeýle kärhanalaryň biridir. Şu ýylyň başynda önümçiligi ýola goýlan kärhana ýokary öndürijilikli hereket edýär. Bir sehden ybarat kärhanada «Antep» pissesi we tüwi, mäş, greçka ýaly iýmitlik däneler owadan bezegli gaplara gaplanýar. «Salam», «Mizan» söwda belgileri bilen öndürilýän önümler ýurdumyzyň ähli söwda nokatlaryna ugradylýar. Kärhananyň kuwwatlylygy her aýda 5 tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli ir-iýmişleri we iýmitlik däneleri gaýtadan işläp, sarp edijileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak meýilleşdirilýär. Täze önümleri islendik söwda dükanlaryndan alyp bilersiňiz!

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy