TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Dokma önümleri satuwda

Sportuň 21 görnüşi boýunça uly ýaryşlar geçiriljek «Aşgabat 2017» oýunlarynyň her bir ugruny giň görnüşli dokma önümlerinde mahabatlandyrýan «Aşgabat» dokma toplumy-da bu halkara ýaryşyna mynasyp goşandyny goşdy. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň tumary, nyşany, Wepalynyň şekili şekillendirilen sport köýnekçeleri, papaklary, penjekleri, balaklary, plotensalardyr hammam lybaslary şu günler uly islegden peýdalanýar. Häzirki wagtda toplumda günde sütükli matalaryň 220 000 inedördül metri, matalaryň bolsa 980 000 inedördül metrden gowragy gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli taýýar önümler ýurdumyzyň söwda nokatlaryna we dünýä bazarlaryna ugradylýar. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň özboluşly mahabaty lybaslara gelşik berýän bu dokma toplumynyň önümlerini ähli söwda nokatlarynda görmek bolýar. Biz hem ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny belende galdyrýan bu kärhananyň işiniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris! Siz sportuň haýsy ugruny söýýän bolsaňyz, onda sport lybaslary bilen janköýerlik etmek size has-da gowy gelşer! Oýunlar eýýäm ýakynda, gyssanyň!

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy