TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Önümçiligi artdy

Diýarymyzy et-ýapma önümleri bilen üpjün edýän kuwwatly kärhana bolan «Etsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy güýçli depginde önümçiligini alyp barýar. 2009-njy ýylda açylan bu kärhana ilkibaşda gaýtadan işlenip taýýarlanýan et-ýapmalaryny, 2011-nji ýylda şöhlatlaryň, büzmeçleriň önümçiligini ýola goýdy. Eti gaýtadan işläp bişirýän enjamlar ýurdumyz boýunça ilkinji bolup şu kärhanada ornaşdyrylandygy bellärliklidir. Taýýar, islendik wagt iýmäge amatly bu önümler halk köpçüliginiň giňden sarp edýän iýmitleriniň hatarynda durýar. Kärhanada sygyr, goýun, gäwmiş we towuk etinden taýýar we ýarym taýýar görnüşli et-ýapma önümleriniň 12, şöhlatlaryň gaýnadylan we ýarym gaýnadylan hem-de kakadylan 8 görnüşi öndürilip, ähli bazarlarymyza we beýleki söwda nokatlaryna ugradylýar. Iki sehden ybarat kärhanada  22 hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda kärhanada et-ýapma önümlerinden her aýda 150 000 sany, şöhlat önümlerinden bolsa 15 tonnasy öndürilýär. Golaýda türkmen gowurdagynyň 4 görnüşiniň önümçiligini ýola goýan kärhanada şöhlat önümleriniň ýene 8 görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy