Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Güýzüň geçginli önümi

Is­len­dik möw­sü­miň süý­ji lez­zet­le­ri­niň il­kin­ji on­lu­gy­nyň ha­ta­ryn­da süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni-de my­sal gör­kez­mek bo­lar. Di­ýa­ry­my­zyň süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kuw­wat­ly kär­ha­na­la­ry­nyň bi­ri-de Ru­ha­bat önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­dir. Kär­ha­na süý­ji-kö­ke, çö­rek, şöh­lat we süýt önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän seh­le­rin­den yba­rat bolup, bu ýer­de, esa­san, «Zeb­ra» kek­si, «Ki­ta», «Me­do­wik», «Ba­ku» bak­la­wa­sy­nyň önüm­çi­li­gi giň­den al­nyp ba­ryl­ýar. Seh­ler­de 8 hü­när­men zäh­met çe­kip, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan se­hiň önüm­çi­li­gi sarp edi­ji­le­riň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ýö­re­dil­ýär. Önüm­çi­lik yzy­gi­der­li­li­gin­de, ha­myr ga­ry­jy, bö­lü­ji, çi­şi­ri­ji we bi­şi­ri­ji ab­zal­lar­da taý­ýar edi­len önüm­ler so­wa­dy­lyp, gap­laý­jy en­jam­da plast­mas­sa gap­la­ra gap­lan­ýar. Seh­de sarp edi­ji­le­riň is­le­gi­ne bag­ly­lyk­da her aý­da azyn­dan 100 ki­log­ram süý­ji-kö­ke önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Dü­ka­nyň süý­ji-kö­ke üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Önüm­le­riň dü­zü­mi ýo­ka­ry hil­li bug­daý uny, «Ba­har» ýa­gy, ýu­murt­ga, ga­tyk, ha­myr­ma­ýa, şe­ker, hoz ýa­ly go­şun­dy­lar bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Gel­jek­de seh­de dür­li gör­nüş­li ga­ry­lan gat­lak­ly­nyň we süý­jü­lik tort­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. «Aş­ga­bat 2017» oýun­la­ry­nyň gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän gün­le­rin­de ge­lim-gi­di­mi ar­tan «Alad­din» dü­ka­ny müş­de­ri­le­ri­ne ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat ed­ýär. Biz hem şeýle dükanlardan islän önümlermizi alyp bilýänligmize buýsanjymyzyň çägi ýok. 

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.