TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Teşneligi gandyrýan «AKDEPE»

Kärhananyň kuwwatlylygy her günde 7000-8000 plastmassa gaplara gaplanan miwe şirelerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Güýz paslynyň ilkinji aýynda-da bu görkezijiniň 180-200 müň sany önüme barabarlygy önüm öndürijileriň işine bolan yhlasyny has-da artdyrýar.
Oýunlar döwri ähli söwda dükanlaryny agyz suwy bilen üpjün edýän kärhanalaryň işi-de gyzgalaňly dowam edýär. Şu günler önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýan kärhanalaryň biri-de Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň Kooperatiw taýýarlaýyş senagat söwda hojalyk hasaplaşyk kärhanasydyr. Edil şu möwsümde kärhananyň «Akdepe» ady bilen öndürýän miweli içgileri söwda dükanlarynda uly islegden peýdalanýar. Ösen döwrüň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde ýokary hilli önüm öndürmäge oňyn şert döredýär. Önümçiligi täze ýola goýlan 0,3, 0,5, 1,5, 5 litrlik miweli we 19 litrlik arassa agyz suwlary bu önüme bolan ýokary talaby aňryýany bilen ödeýär. Sehlerde miweli gazlandyrylan içgileriniň pyrtykal, limonad, kiwi, erik, gök alma, tokaý miweleri ýaly 15 töweregi görnüşi öndürilýär. Önümçilik sehlerinde 22 hünärmen yhlasly zähmet çekýär we aýry-aýry önümçilik sehlerinden ybarat bölümlerde 1,5 litrlik we 0,3, 0,5 we 1 litrlik miwe şireleri öndürilýär. Kärhananyň kuwwatlylygy her günde 7000-8000 plastmassa gaplaryna gaplanan miwe şirelerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Güýz paslynyň ilkinji aýynda-da bu görkezijiniň 180-200 müň sany önüme barabarlygy önüm öndürijileriň işine bolan yhlasyny has-da artdyrýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna, şol sanda «Aşgabat 2017» oýunlaryna öz mynasyp goşandyny goşýan kärhanada geljekde şetdaly, limon, nar tagamly çaýlary, çüýşe gaplara gaplanan miwe şireleriniň önümçiligini ýola goýmaklyk meýilleşdirilýär. Halkara sport ýaryşynda adamlaryň ýadawlygyny aýryp, teşneligini gandyrjak kärhana «Aşgabat 2017» oýunlaryna öz goşantlaryny goşmagyň ugrunda uly tagalla etdi. Bu günler oýunlar mynasybetli sehlerde 0,5 litrlik, 1 we 5 litrlik gazsyz suwlaryň önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýar.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy