TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

«Al­tyn» şaý-sep­le­re baý

Söwda ulgamynda möhüm ähmiýetli önümleriň biri bolan altyn, kümüş, göwher ýaly gymmat bahaly daşlar bilen bezelen şaý-sepler hemme döwürde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Döwrüň talaplaryna görä sünnälenip, owadan gaşlar oturdylan şaý-sepler ähli gyz-gelinlerimiziň islegli önümleri. Millilik bilen utgaşan ol önümlerde, türkmeniň geçmişiniň, şu güniniň we ertiriniň göz gamaşdyryjy parlak lowurdysy kalbyňy heýjana salýar. Tyllaýy kuýaşyň şuglasyny ýadyňa salýan gyzyllaryň, öwşün atýan göwherlerdir kümüşleriň hersiniň özboluşly gözelligi bar.

Ýurdumyzda dünýäniň iň saýlama göwherlerini, altyndyr kümüş şaý-seplerini halka hödürleýän ençeme dükanlar hereket edýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Altyn” döwlet lomaý-bölek söwda firmasydyr. Paýtagtymyzyň çäginde  onuň garamagynda “Altyn, “Agat”, “Sapfir” atly 3 sany şaý-sep dükany bar. Bu dükanlara giren badyňa şaý-sepleriň ýakymly lowurdysy ünsüňi çekýär. Olardan gulakhalkalar, ýüzükdir bilezikler, gülýakalar, altyn boýunhalkalar, sagatlar we beýleki şaý-sepler dükanlara gymmat daşlara mahsus gözelligi çaýýar. Bu önümler, esasan, belgileri we reňkleri bilen tapawutlanýar. Meselem, altynlaryň 585, kümüşleriň 925 belgili, gyzyl, ýaşyl, ak we gök gaşly onlarça görnüşleri bar. Önümler Türkiýe, Ermenistan döwletlerinden getirilýär. Alyjylar dükanlarda isleglerine görä, ululy-kiçili şaý-sepleri almaga mümkinçilik alýarlar. Agramyna görä olaryň nagyşlary, gaşlary we dakylyş usullary-da özboluşlydyr. Işine ezber satyjylar her bir şaý-sepiň peýdasy, özboluşlylygy dogrusynda gelenlere gürrüň berýärler. Dükanlarda gadymy şaý-sepleri dakynmaga höwesekleriň islegini kanagatlandyrmak hem göz öňünde tutulandyr. Türkmen nagyşlaryna mahsus owadan şekilli şaý-sepler-de uly orun tutýar.

Eger altyn, kümüş, göwher gaşly şaý-sepleri edinmek ýa-da ýakynlaryňyzy begendirmek isleseňiz, onda bu dükanlara baryp görmegi maslahat berýäris!

Ogulkeýik Gurbanowa, satyjy: 

Dü­ka­ny­myz söw­da ul­ga­myn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li ýer­le­riň bi­ri bo­lup, bu ýer­de dür­li şaý-sep­le­riň top­lu­my jem­le­nen­dir. Müş­de­ri­ler al­tyn­dyr kü­müş­den, göw­her­den dür­li reňk­li gaş­lar bi­len be­ze­lip ýa­sa­lan gu­lak­hal­ka­la­ry, ýü­zük­le­ri, bo­ýun­hal­ka­la­ry we owa­dan sa­gat­la­ry alyp bil­ýär­ler. Iň bir geç­gin­li ha­ryt­la­ry­myz, il­kin­ji no­bat­da, göw­her gaş­ly gu­lak­hal­ka­lar­dyr ýü­zük­ler diý­se­ňem bol­jak. Gy­zyl­lar gyz-ge­lin­le­riň hö­wes bi­len al­ýan önüm­le­ri­dir. Sag­ly­ga peý­da­ly­ly­gy se­bäp­li, kü­müş­le­re hem uly is­leg bil­di­ril­ýär. Şaý-sep al­ma­ga is­leg bil­dir­ýän müş­de­ri­le­ri dü­ka­ny­my­za ça­gyr­ýa­rys! Ge­liň, gö­zel gör­kü­ňi­zi gym­mat ba­ha­ly al­tyn­lar bi­len nur­lan­dy­ryň!

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy