Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Öý-hojalyk tehnikalary gerek bolsa, «Çandybile» gel!

Her paslyň howa şertleriniň özboluşlulygy şol möwsümde ulanylýan önümleriň haýsylarynyň geçginli boljaklygyny öňünden kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Güýzde howanyň salkynlamagy bilen adamlar ýyladyjy peçleriň, gaz geçirijileriň durkuny täzelemäge, gyşa ykjam taýýarlyk görmäge başladylar. Bazarlarda, söwda merkezlerinde azyk önümlerinden et-ýapma, süýt, gök we miwe önümleriniň geçginliligi artan bolsa, senagat, hojalyk harytlaryndan ýyladyjylara, gaz peçlere we beýleki dürli tehniki enjamlara isleg güýçlendi.
Paýtagtymyzda şeýle önümleri halk köpçüligine hödürleýän söwda merkezleriň biri-de Çandybil söwda merkezidir. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bu söwda merkezi 2008-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bu ýerde, esasan, gurluşyk, senagat, tehniki we öý-hojalyk harytlarynyň satuwy ýola goýlandyr.
Söwda merkezine giren badyňa ýyladyjy enjamlaryň täze görnüşleri ünsüňi çekýär. Olaryň dürli reňkleriniň bolşy ýaly, ulanylyş şertleriniň amatlylygy-da biri-birinden tapawutlanýar. Olardan dürli gaz peçler, ýyladyjy enjamlar, sowadyjylar, elektrik peçleri, ütükler, gaz we tok geçiriji turbalar, aşhana enjamlary, şeýle hem kompýuterler, telefonlar, noutbuklar, kir ýuwujy we tozan sorujy maşynlaryň onlarça görnüşi bar. Egri ekranly telewizorlaryň dürli ölçegli görnüşleri gelenlerde bu önümlere bolan islegi artdyrýar. Olar Ýaponiýa, Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Türkiýe we Italiýa ýaly döwletleriň ýokary hilli, kepillikli, amatly bahalardan hödürlenýän harytlarydyr. Ýakynda täze görnüşleri bilen üsti ýetirilen ol önümler bu ýere gelýänleriň höwes bilen alýan harytlaryna öwrüldi.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.