TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

«Älem gämisiniň» lezzetli çipsileri

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Älemgämisi» hususy kärhanasy köpimize tanyş bolsa gerek. Bu hususy kärhana turuw başdan il içinde özüne mynasyp orun tapmagy başardy. Kärhananyň hereket edip başlanyna 3-4 aýdan köp wagt geçmedik hem bolsa, önümleri çagalaryň söýgüli iýmitlerine öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümine girýän bu kärhananyň önümleri ähli söwda nokatlarynda uly islegden peýdalanýar. Ýerli önüm öndüriji kärhanalarymyzyň ýyl geçdigiçe köpelmegi bolsa, göwün guşumyza ganat baglaýar. Bir sehden ybarat bu kärhanada 15 hünärmen zähmet çekýär. She önümçiliginiň esasy ugry ýeralmadan taýýarlanýan çipsile rbolup, bu ýerde dünýäniň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümleriň hili barlaghanalarda barlanyp, gözegçilikde saklanylýar. Önümçilik yzygiderliliginde, çigmallar ýuwujy, kesiji, bişiriji we gaplaýjy enjamlaryň kömegi bilen taýýar görnüşine getirilýär. Çipsileriň duzly, ajyburç, bulgar hem-de şaşlik, uýadylan gaýmak tagamly 12 görnüşi bar. Hünärmenler sarp edijileriň isleglerini öwrenip, şoňa laýyklykda önüm öndürmek ugrunda uly yhlas edýärler. Häzirki wagtda sehiň kuwwatlylygy her aýda 2-2,5 tonna önüm öndürmek mümkinçiligine eýedir. Diýarymyzyň ähli söwda nokatlarynda uly islegden peýdalanýan çipsili gaplaryň 5 görnüşi 120 gram, 1 görnüşi 80 gram, 6 görnüşi 20 gram agramly görnüşleri bar. Geljekde kärhananyň önümçilik gerimini giňeltmek we çipsileriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Çipsi bilen şähdňi açmak isleýän ildeşlerimize «Älem gämisi» hususy kärhanasynyň önümlerinden almagy we ýerli önümiň süýji lezzetini duýmagy maslahat berýäris!

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy