Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Owadan ülkäniň» lezzeti kän...

Gysga wagtyň içinde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kärhanalaryň biri-de Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň kärhanasydyr. Işe girizilenine 1 ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan, kärhananyň öndürijiligi iki esse ýokarlandy. Turuw başdan maýonez önümçiligi bilen işe girişen kärhanada häzirki wagtda däneli ýapmalaryň, marinadlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Olardan diňebir maýonezleriň 4 görnüşi bolup, «Zeýtunly 67%», «Prowansal 67%», «Maşgalaüçin 45%», «Işdäaçar 30%» ady bilen, degişlilikde, 0,5 litr we 1 litrlik aýna gaplara gaplanýar. Onuň «Marinada ýatyrylan pomidorlar», «Duzlanyp gaplanan hyýarlar» ýaly önümleri-de uly islegden peýdalanýar. Kärhananyň öndürijilik kuwwatlylygy ýylda 1090 tonna maýonez, sagatda 6000 sany gaplanan gök-önümleri öndürmäge niýetlenendir. Mundan başga-da bu ýerde däneleriň ýapma görnüşinden «Ak noýba», «Gaplanan ýaşyl mäş», «Mekgejöwen süýji bitin dänesi» we «Gaplanan ýaşyl nohut» ýaly gaýtadan işlenen önümleri bar. Bu önümler saglyga ýokumly bolup, ýokary, aram we pes kaloriýaly ýaly görnüşleri bilen tapawutlanýar. «Nur» söwda belgileri bilen adygan önümler söwda nokatlarynyň iň bir geçginli önümleridir. Kärhanada geljekde et-ýapma önümçiligini ýola goýmak maksat edilýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.