Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Kofäniň täze tagamy

Diňe bir täze açylan däl, öňden hereket edip gelýän kärhanalarymyz hem önümleriniň köpdürlüligini artdyrmakda uly tagalla edýärler. Şolaryň biri-de 2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde açylan «Miweli ülke» hususy kärhanasydyr. Häzirki wagtda önümçilik taýdan kuwwatlanan kärhana 5 sehden ybarat bolup, 120-den gowrak hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Kärhana, esasan, körpeleriň söýgüli mekgejöwen taýajyklarynyň 25 gramdan, 400 grama çenli gaplara gaplanan dürli görnüşlerini öndürýär. Şekeriň goýy şiresine batyrylan, süýji tagamly bu önümler «Hoşwagt», «Marhaba» we «Miweli ülke» söwda belgileri bilen öndürilýär. Önümleriň düzümine mekgejöwen ýarmasy, rafinirlenen ösümlik ýagy, şeker, nahar duzy we beýleki tebigy yslandyryjylar goşulyp, has-da baýlaşdyrylýar. Şeýle hem ak hem gara günebakar çigidiniň duzly we duzsuz 4 görnüşi gaplanylyp, sarp edijilere ýetirilýär.

Kärhanada önümçiligi täze ýola goýlan «Berk», «Süýtli», «Tokaý hozy tagamly» we «Kapuçino» atly kofeleriň 4 görnüşi, şeýle hem «Gyzgyn şokolad» önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Olaryň hatarynda ak gandyň, limon, malina, dalçyn, tokaý miweleri tagamly gandyň 5 görnüşi bolup, degişlilikde, 450 gram, 900 gram, 2-5 we 10 kilogramly ykjam gaplara gaplanýar. Çipsi sehinde öndürilýän gyzyl burç, peýnir, ketçup, towuk eti tagamly mekgejöwen we bugdaý çipsileri çagalaryň höwes bilen alýan önümlerine öwrüldi. Önümçilik gerimi barha giňeýän kärhana ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň bazarlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, geljekde daşary ýurtlara eksport etmegi-de maksat edinýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.