Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

On aý üstünlikli jemlendi .

Ýurdumyzyň önüm öndürijileri on aýyň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde öz işjeňliklerini görkezýärler. Bazar bolçulygyna mynasyp goşant goşup, ykdysadyýetimiziň, söwda pudagynyň ösdürilmegi ugrunda öndürijilikli hereket edýän kärhanalarymyz sanardan köp. Şolaryň birnäçesi Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine degişli kärhanalardyr. Azyk bolçulygyny üpjün etmekde ol ýerde zähmet çekýän hünärmenler hem öz ussatlyklaryny görkezýärler. Bu alyjylar jemgyýetlerine degişli kärhanalaryň şu ýylyň başyndan bäri öndüren önümleriniň lomaý bahasy 31 218,9 müň manat bolup, degişlilikde, çörek önümleri 11 570,4 tonna öndürilip, lomaý bahasy 10 907,7 müň manada, süýji-köke önümleri 1 114,2 tonna öndürilip, lomaý bahasy 3 085,5 müň manada barabar boldy. Unaş önümleri 343 tonna öndürilip, lomaý girdejisi 356,9 müň manat, şöhlat önümleriniňki 197 tonna bolup, arassa girdejisi 3 288,4 müň manat, guş eti 50 tonna öndürilip, umumy bahasy 479,7 müň manat, şeýle hem süýt we süýt önümleriniňki 117 tonna bolup, lomaý bahasy 191,4 müň manada deň boldy. Önümçilik boýunça beýleki harytlaryň umumy bahasy 12 909,3 müň manat bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ep-esli derejede ösüş gazanyldy. Zähmet üstünlikleri bilen geljegi nazarlaýan hünärmenler geljek ýyl has uly netijeler gazanmagy maksat edinýärler.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.