TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Uly netijeler gazandy

Diýarymyzda süýt önümlerini öndürýän kärhanalaryň birnäçesi bolup, olaryň biri-de paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ruhabat önümçilik söwda birleşiginiň kärhanasydyr. Ýurdumyzyň iň bir abraýly önümçilik kärhanasy bolan bu kärhana 4 sehden – süýji-köke, çörek, şöhlat we süýt önümlerini öndürýän sehlerinden ybaratdyr. Bu kuwwatly kärhananyň hünärmenleri göz öňünde tutulan meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmekde gujurly zähmet çekýärler. Kärhananyň çörek önümlerini öndürmekde şu ýylyň on aýy boýunça meýilnamasy 2 202,5 tonna bolup, ýerine ýetirileni 3 037,9 tonna, ösüş görkezijisi 137,9%-e ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 116 %-e barabar boldy. Süýji-köke önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 92,2 tonna bolup, ýerine ýetirileni 149,1 tonna, ösüş görkezijisi 161,7 %-e ýetdi. Şöhlat we et önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102 tonna, ýerine ýetirileni 109,3 tonna, ösüş görkezijisi 107,2%-e barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde,  119% ösüş gazanyldy. Önüm öndürmek boýunça umumy meýilnamasy 2 886,80 manat bolup, ýerine ýetirileni 3 683,80 manat, ösüş görkezijisi 127,6%-e deň boldy. Kärhananyň ösüş depgini geçen ýyla garanyňda 116% ýokarlandy. Hünärmenler geljek ýyl bu üstünlikleri has hem ýokarlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýärler.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy