www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Ýunus» bilen has gyzykly

«Ýunus bilen has gyzykly» şygary ýerleşdirilen çigitler her bir dynç alşa, tomaşalara, gezelençlere, ýa bolmasa güýmenjelere, syýahata we gürrüňdeşliklere gidilende uly höwes bilen satyn alynýan harytlara öwrüldi. Şonuň üçin bolsa gerek, çigit diýlende, ilki «Ýunus» bilen has gyzyklydygy ýadyňa düşýär. Gowrulan, çigitlemäge amatly ol önümler özüniň ýokary hilliligi, üýtgeşik tagamy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Dynç alyş ýerlerde, gezelençlerde, dükanlardan çykalgalarda köpleriň elinde «Ýunus» çigitlerini görmek bolýar.

Bu çigitler bilen dynç alşyny geçirenler «Ýunus» bilen has gyzyklydygyna göz ýetiren bolsalar gerek. «Ýunus» haryt nyşanly gowrulan duzly we duzsuz günebakar çigidi, arahis maňzy, pisse, kädi çigidi, sakgyç önümleri ýokary hilliligi bilen turuwbaşdan alyjylaryň söýgüsine mynasyp bolmagy başardy. Öz bäsdeşlerinden ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan «Ýunusyň» önümlerine daşary ýurtlarda hem bildirilýän islegiň uludygyny aýdýarys. Golaýda kärhanada ýurdumyzda önümçiligi ilkinji ýola goýlan gowrulan mekgejöwen öndürilip başlandy. Bu bolsa kärhananyň ýurdumyzdaky abraýynyň, kuwwatlylygynyň has-da berkemegine uly itergi berýär. Önümleriniň ýokary hilliligini saklamagy öňünde baş maksat edip goýýan hünärmenler gap dizaýnlaryndan başlap, önümleriň maňzyna çenli ýokary hilli bolmagy ugrunda uly yhlas siňdirýärler.

Mekgejöwen diýjekmi, maňyz ýa-da kädi çigidimi, garaz, bu önümleriň adam saglygyna ýokumlydygy aýratyn bellärliklidir. Hünärmenleriň döwrebap garaýyşlary göz öňünde tutulan meýilnamalary artygy bilen durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Bu bolsa olaryň önümlerine degişli ähli zatda ýüze çykýar.

Täze önümleriň dükanlarda özüne çekijiligi artdygyça, kärhananyň ýolbaşçylary önümçiligiň köpdürliligini artdyrmagyň, täze önüm bilen halky begendirmegiň gözleginde bolýarlar. Şol ýörelgäni esasy ugur edinýän «Ýunusyň» ilki günebakar çigitleri, kän wagt geçmänkä gara çigitleri söwda ulgamyna aralaşdy. Onuň yzysüre arahis maňzy we pisseleri satuw tekjelerinde ünsi çekip başlady. Ýakyn wagtda «Ýunus» kädi çigitleri we Türkmenistanda ilkinji gezek öndürilýän gowrulan mekgejöwenleri bilen müşderilerini begendirdi.

«Ýunus» hemişe ýokary hili bilen galmagy maksat edinýär. Ýokary hilli önümleri öndürmek – döwrüň talaby. Ekologiýa taýdan arassa we saglyga ýokumly «Ýunus» haryt nyşanly önümleriň artdygyça hyrydarlarynyň lezzetli dynç alyşlary, şadyýan pursatlary, şüweleňli gezelençleri has-da baýlaşýar.

Ýurdumyzda öň önümçiligi ýola goýulmadyk önümleri öndürmegi üns merkezinde saklaýan kärhananyň baş maksady halkyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, galyberse-de, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, dünýä derejesindäki abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Her bir şowly ädim maksadaokgunlylykdan we irginsiz zähmetden başlanýar. Muňa aňryýany bilen düşünýän «Ýunusyň» hünärmenleri maksatlaryny üstünlikli amal etmäge örän erjel, ynamly çemeleşýärler. Önümler diňe bir Diýarymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, goňşy Gazagystan, Gyrgyzystan döwletlerine-de eksport edilýär. Kärhananyň hünärmenleri geljekde sakgyç önümleriniň görnüşini artdyrmagy, süýji-köke önümçiligini ýola goýmagy-da meýilleşdirýärler.

Tagamly, ýokary hilli, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimizden almak isleseňiz, «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümlerinden almagy maslahat berýäris.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.