www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

HARYT GOWY BOLSA ALYJYSY KÖP

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen, söwda nokatlarynda etapma önümlerine bildirilýän isleg güýçlendi. Ösen islegleri kanagatlandyrmakda «Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary öndürijilik görkezýär. Häzirki wagtda kärhananyň etapma we şöhlat önümlerine bildirilýän isleg iki esse ýokarlandy.

Ertirlikde ýa-da günortanlyk edinmäge amatly et-ýapmadyr şöhlat önümleriniň görnüşleri barha artýar. Taýýar, gyzdyryp iýmäge niýetlenen özboluşly tagamly bu önümler ýokary hilliligi bilen her bir alyjynyň islegli önümine öwrüldi.

Özüniň ýokary hilli, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply önümleri bilen mynasyp orun alan kärhanalaryň biri-de «Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasydyr. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmek maksady bilen, halkymyzy elýeterli bahalardan et-ýapma önümleri bilen üpjün edýär. Bazarlarymyzy, söwda merkezlerimizi et-ýapma önümleri bilen üpjün edýän kuwwatly kärhana 2009-njy ýylda açylyp, ilkibaşda gaýtadan işlenip taýýarlanýan et ýapmalaryny, 2011-nji ýylda şöhlatlaryň, büzmeçeleriň önümçiligini ýola goýdy.

Eti gaýtadan işläp bişirýän enjamlaryň ýurdumyz boýunça ilkinji bolup bu kärhanada ornaşdyrylandygy aýratyn bellärliklidir. Kärhanada sygyr, goýun, gäwmiş we towuk etinden dürli atlar bilen mahabaty ünsüňi çekýän taýýar we ýarym taýýar görnüşli et-ýapma önümleriniň 12, gaýnadylan we ýarym gaýnadylan hem-de kakadylan şöhlatlaryň 8 görnüşi ähli bazarlarymyza we beýleki söwda nokatlaryna ugradylýar. Olardan «Was», «Aşgabat», «Awaza», «Daşrabat», «Gülzar», «Laçyn», «Altyn guş», «Gunça», «Altyn çeşme» ýaly şöhlatlar we büzmeçeler, şeýle-de, «Buglanan gäwmiş eti», «Gäwmiş etinden batyrma», «Öz çorbasyndaky towuk eti», «Etli tüwi şülesi», «Buglanan sygyr eti», «Çorbaly gäwmiş eti», «Etli greçiha ýarmaly şüle», «Etli ertirlik» atlary bilen ýörite gaplara gaplanan et-ýapmalary bar. Iki sehden ybarat kärhanada 22 hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda et-ýapma önümlerinden her aýda
150 000-si, şöhlat önümlerinden bolsa 15 tonna öndürilýär.

Diýarymyzyň iň bir kuwwatly kärhanalarynyň biri bolan bu söwda firmasynda taýýar önümleri saklamaga niýetlenen meýdany 11 200 inedördül metr bolan sowadyjy haryt ammarlary bar. Olara birwagtyň özünde 12 000 tonna barabar önümi ýerleşdirip bolýar. Şeýle-de onuň Aşgabat şäherinde 7 sany azyk dükany, restorandyr kafeleri halka hyzmat edýär. Lebap, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bazalary ýerleşýär. Şöhlat we et-ýapma önümçilik sehlerine tehnologiýanyň iň soňky gazanan döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Diňe bir şöhlat sehiniň bir ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 300 tonna, et-ýapma sehiniňki 2 200 müň sanydyr. Şundan görnüşi ýaly bu kärhananyň söwda ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurdumyzda azyk önümlerine bolan islegi we önümçilik gerimini giňeltmäge bolan mümkinçilikleri örän uludyr. Golaýda türkmen gowurdagynyň 4 görnüşiniň önümçiligini ýola goýan kärhanada şöhlat önümleriniň ýene-de 8 görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.