www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Täze «Düşewünt» geldi

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hususyýetçiligi ösdürmäge uly goldaw berilýär. Ýerli önüm öndürijilerimiz köpeldigiçe, önümleriň köpdürlüligi-de artýar. Diýarymyzda täze önümçilik işine girişen kärhanalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar daýhan birleşiginde açylan «Düşewünt» hususy kärhanasy-da giňden tanalýar. Häzirki wagtda iki sehden ybarat kärhanada 10 töweregi hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylan sehleriň birinde önümleriň çig maly taýýarlanylsa, beýleki sehde gaýtadan işlenilip, önümler gaplara gaplanýar. Sehlerde turuwbaşdan «Nesilli» söwda belgileri bilen «Batly» atly önümler öndürilip başlandy. Olardan diňe bir guradylan çörek bölejikleriniň 7 – duzly, peýnir, gaýmak, gök ot tagamly, pisse, çişlik, şöhlat we gyzyl işbil tagamly görnüşleri bar. Dürli dynç alyşlarda, gezelençlerde iýmäge amatly bu önümler turuwbaşdan halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Önümleriň ýokary hilli, arassa, saglyga ýokumly bolmagy ugrunda hünärmenler ýadawsyz alada edýärler. Ýokary öndürijilikli hereket edýän kärhananyň kuwwatlylygy her aýda 2 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ýerde mekgejöwen taýajyklarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly täze önümleriň öndürilmegi ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply harytlaryň barha artmagyna getirýär.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.