www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmen jinsi dünýä çykýar

Dokma önümçiligi ýurdumyzyň iň iri pudaklarynyň biri bolup, ýerli dokma önümlerimiz içerki bazarlarymyza, şol sanda daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport edilýär. Dokma önümleriniň hatarynda giň gerime eýe bolan lybaslaryň biri-de jins önümleridir. Dünýäde giňden sarp edilýän bu önümlere bolan isleg ýyl geçdikçe ýokarlanýar.

Diýarymyzda jins önümçiligini giňden alyp barýan iri kärhanalaryň biri-de Ruhabat etrabynda ýerleşýän Türkmenbaşy Jins toplumydyr. Uly öndürijilik kuwwaty bolan bu toplum öz işini 1995-nji ýylda tikinçilik sehinden başlady. 1997-nji ýylda Jins önümlerini öndürýän toplum işe girizildi.Toplumda 2 we 3 çalşyk boýunça 3000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Jins önümleri ýüplük egriji sehinde pagta süýümlerinden egrilip taýýarlanýar. Önümleriň agramly bölegi buýurmalar esasynda dokalyp, isleg bildirilen reňkine, sanyna, şeýle-de ölçegine görä biçilýär hem tikilýär. Tikilenden soňra serenjam bölüminde gözden geçirilip, etiketkaly, taýýar önümler gaplanýar.

Adatça, pagta süýüminden dokalan jins önümleri çydamlylygy, ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Toplumda dürli görnüşli gysga we uzyn jalbarlar, çagalara hem-de uly ýaşlylara niýetlenen penjekler, ýeňsizler, umuman, jins matasyndan tikilýän ähli görnüşdäki egin-eşikler taýýarlanýar. Önümler diňe içerki bazarlarymyza däl, eýsem, ABŞ, Ispaniýa we Türkiýe döwletlerine-de eksport edilýär. Häzirki wagtda gelýän buýurmalaryň we ýokary hilli jins önümçiliginiň gerimi barha giňeýär. Muňa döwrüň talaplaryna görä, ýokary hilli, täze biçüwlerde, sazlaşykly reňkde öndürilýän dürli görnüşli jins önümleri aýdyň mysaldyr. Bu toplumda zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygy has-da buýsandyryjydyr.

Watanymyzyň abraýyny, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gije-gündiz hereket edýän bu dokma toplumynyň işiniň ileri bolmagyny arzuw edýäris. Jinsi halaýan ýetginjeklere, döwrebap biçüwleri gowy görýän ýaşlara Türkmenbaşy Jins toplumynyň önümlerinden almagy maslahat berýäris.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.