www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Baýramçylyk günleriniň islegli önümi

Gadymdan bäri ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towugy idetmek, köpeltmek we ýumurtga almak o diýen kän zähmeti talap etmeýän ýaly bolsa-da, onuň hysyrdysy ýetik. Ata-babalarymyz towuk saklap, döwletli ojagyna rysgal-bereket goşan bolsalar, häzirki günlerde öý guşlary hasaplanýan towuklar döwlet derejesinde iri fermalarda idedilýär.

Towugyň iň ähmiýetli taraplarynyň biri-de ýumurtgasynyň ýokary derejede sarp edilmegidir. Diňe bir çig mal hökmünde ulanylman, gündelik sarp edilýän ýumurtga ýylyň ähli paslynda-da uly isleg bildirilýär. Ýumurtga ene süýdünden soňra bedene zerur bolan ýokumy özünde saklaýan ýeke-täk iýmit hasaplanýar. Ýumurtga dürli tagamlary taýýarlamakda dünýä aşhanasynda giňden peýdalanylýar. Soňky ýyllarda azyk önümçiliginiň artmagy bilen ýumurtganyň sarp edilişi-de görnetin ýokarlandy.

Her bir türkmen ojagynda baýramçylyk saçaklar giňden ýazylyp, dürli nazy-nygmatlardan dolduryp garşylanýar. Öňümizde Halkara Bitaraplyk güni, yzysürede Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär. Toý desterhanymyza bereket goşýan süýji-köke, konditer, unaş önümleriniň, dürli işdäaçarlaryň we tagamlaryň düzümine goşulýan esasy çig mallaryň biri-de ýumurtgadyr. Şanly seneler golaýladygyça onuň geçginliligi artýar.

Hut, şu maksatdan ugur alyp, Diýarymyzda ýumurtga önümçiligini alyp barýan guş toplumlary-da işjeňleşdi.

Ýumurtga önümçiligine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Mary lomaý-bölek önümçilik söwda bazasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki wagtda kärhanada 37 000-den gowrak towuk saklanylyp, olardan 30 000 töweregi ýumurtga alynýar. Kärhana söwda nokatlaryny şu möwsümde iň köp sarp edilýän bu azyk önümi bilen üpjün etmekde esasy öndürijileriň biri bolup durýar. Hünärmenler towuklary talabalaýyk idedip, ýumurtga önümçiligini artdyrmakda dünýä tejribesine salgylanyp, yhlasly zähmet çekýärler. Bu ugurda ýörite tejribeli hünärmenleriň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Guşlary idetmek üçin niýetlenen dünýäniň ýokary tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada öndürilen ýumurtgalar Diýarymyzyň ähli söwda nokatlaryna ugradylýar. Ýumurtgalary täzeligi bilen sarp edijilere ýetirmek, talaplary kanagatlandyrmak we önümçiligini artdyrmak kärhananyň öňünde goýan baş maksatlarynyň biridir.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.