Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ekologiýa aladasyndaky «Eko»

Biziň durmuşymyzyň gözelliginiň manysy päkizelikde, tämizlikde jemlenendir. Arassaçylyk bar ýerinde adam özüni şadyýan, sagdyn, duýýar.

Ýurdumyzda arassaçylyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýerleşýän Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanadyr. Adam saglygy üçin ähmiýetli ençeme önümleri öndürýän bu kärhana 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanmaga berildi. 4 bölümden ybarat kärhanada 28 hünärmen zähmet çekýär.

Häzirki wagtda kärhanada zyýansyzlandyryjy erginleriň 26 görnüşi, çyglandyrylan antibakterial desmallaryň iki görnüşiniň önümçiligi alnyp barylýar. Ýakynda bu ýerde ýuwujy serişdeleriň 3 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar turuwbaşdan halkyň söýgüsine mynasyp bolan «Eko» ady bilen öndürilýän gap-gaç ýuwujy, suwuk el sabyny we aýna ýuwujy serişdeleridir. Alyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu önümleriň öndürilişi güýçli depginde alnyp barylýar. Önümler dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýa enjamlarynyň kömegi bilen, ussat hünärmenleriň gözegçiliginde öndürilýär. Bu arassaçylyk serişdeleri diňe bir öý şertlerinde däl, eýsem, söwda nokatlarynda, saglygy goraýyş edaralarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda giňden ulanylýar. Kärhana geljekde arassaçylyk serişdeleriniň we beýleki önümleriň görnüşini artdyrmagy maksat edinýär.

Bu arassaçylyk serişdeleri diňe bir öý şertlerinde däl, eýsem, söwda nokatlarynda, saglygy goraýyş edaralarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda giňden ulanylýar. Kärhana geljekde arassaçylyk serişdeleriniň we beýleki önümleriň görnüşini artdyrmagy maksat edinýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.