Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Zamananyň» täze önümleri.

Süýdüň ynsan durmuşynda örän uly gymmaty bar. Içgi hökmünde, tagam taýýarlamakda we önümçilik maksatly ulanylýan bu içginiň düzüminde A, B, D, E we K witaminleri saklanýar. Maglumatlara görä, dünýäde süýt önümçiliginiň 91%-i sygyrlardan alynýar.

Süýt önümleri söwda nokatlarynda iň bir geçginli harytlaryň biri bolup, bedeni gurplandyrmakda, kesellere garşy göreşijiligi güýçlendirmekde peýdasy uludyr. Häzirki wagtda Diýarymyzda süýt önümlerini öndürýän kärhanalaryň sany barmak basyp sanardan kän.

Şeýle kärhanalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Soltandeş obasynda ýerleşýän «Zamana» haryt nyşanly süýt we süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanasyny mysal görkezmek bolar. Telekeçi G.Agaýewiň ýolbaşçylygynda ýokary hilli, saglyga peýdaly süýt önümlerini öndürýän bu kärhana 2016-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär. Önümleri gaýtadan işleýji we gaplaýjy sehleri bolan kärhanada iki çalşyk boýunça 50 töweregi hünärmen zähmet çekýär. Sehlerde «Zamana» söwda belgileri bilen öndürilýän süýt, gatyk, süzme, dorog, mesge, kefir, aýran ýaly süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Kärhanada önümleriň arassa sygyr süýdünden, hiç hili himiki goşundylar goşulmazdan öndürilmegi bellärliklidir. Süýt bilen üpjün edýän ýörite sygyr fermasy kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga ep-esli derejede täsir edýär. Kärhananyň kuwwatlylygy her günde 5 tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýokary hilli önümler ýurdumyza daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Muny onuň ýurdumyz boýunça Halkara ISO sertifikatynyň telekeçileriň arasynda ilkinji eýesidigi hem doly tassyklaýar. Sagdynlygyňy berkidýän süýt önümleri näçe ýokary hilli bolsa, halk arasynda oňa isleg hem şonça köpelýär. Şoňa görä-de kärhananyň önümlerine gelýän sargytlar gün-günden ýokarlanýar. Tebigy arassa süýtden, emeli goşundylar goşulmazdan önüm öndürýän «Zamana» kärhanasynyň süýt önümlerine goňşy ýurtlardan hem birnäçe buýurmalar gelýär. Kärhana geljekde süýt önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy hem daşary ýurtlara süýt we süýt önümlerini eksport etmegi maksat edinýär. Şeýle kärhanalaryň ýyl-ýyldan artmagy biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.