Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Tekjelerde täze önümler.

Marinadlar, miwe şerbetleri we beýleki gaplanan däneli ekinleriň ýapmasy gyş paslynyň iň bir söýlüp iýilýän iýmitleri hökmünde tanalýar. Şeýle önümleri öndürýän kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Abadan önümçilik kärhanasyny mysal görkezmek bolar. Diýarymyzda marinad önümlerine bildirilýän islegi kanagatlandyrmakda bu kärhana ençeme ýyl bäri öndürijilikli hereket edip gelýär. Ösen tehnologiýa enjamlarynyň kömegi bilen önüm öndürýän kärhanada önümleriň görnüşini artdyrmaga söwdany ýokarlandyrmagyň netijeli usuly hökmünde garalýar. Täze önümler ýa-da şol bir önümiň gabynyň üýtgedilen daşky keşbi satuwy güýçlendirmegiň esasy bolup durýar.

Kärhanada 20 hünärmen zähmet çekip, olar alma, käşir, beýi mürepbesi, gaplanan hyýardyr pomidor ýaly önümleriň 10 töweregi görnüşini öndürýärler. Önümlere gara burç, bolgar burç, sarymsak, lawr ýapragy ýaly tebigy yslandyryjylar goşulyp, tagamy has hem baýlaşdyrylýar. Kärhanada ýakynda 400 gramly, konserwirlenen mekgejöwen we gök nohut ýapmasynyň önümçiligi-de ýola goýuldy. Tagam we işdäaçar taýýarlamakda giňden sarp edilýän bu önümlere söwda nokatlarynda isleg barha artýar. Kärhananyň kuwwatlylygy her günde 2000 şertli banka önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ýerde ajy we süýji üwmejiň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Ýerli önümçiligimizde gazanylýan şeýle öňegidişlikler Watanymyzyň ykdysady gülläp ösüşiniň binýadynyň barha pugtalandyrylmagyna oňyn itergi berýär.

Tagamy aýrybaşga, lezzeti üýtgeşik marinad, mürepbe we däne ýapmalaryndan almak isleseňiz, Abadan önümçilik kärhanasynyň önümleri siziň göwün islegiňizi kanagatlandyrar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.