Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Bally desertleriň önümçiligi

 Tebigatdaky baýlyklaryň adam saglygyna uly peýdalary bolup, asyrlar boýy kämilleşen ynsan aň-bilimi olardan dogry peýdalanmagyň hötdesinden gelip bilipdir. Şolaryň biri-de bal arylarydyr. Owadan güllere, ösümliklere gonup, iýmitlenip, bal öndürýän işjeň arylar töweregine şypa eçilýän tebigatyň zähmetkeş jandarlarynyň biridir. Balyň ençeme görnüşi bolup, adatça, ýandak gülüniň baly, bägül baly, çopantelpek baly we beýleki ençeme gülleriň ballary giňden ýaýrandyr. Diýarymyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi bilen bal önümçiligini alyp barýan telekeçilerimiziň sany ýylsaýyn artýar. Şolaryň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde ýerleşýän telekeçi Öwezmyrat Penjiýewiň bal gaplaýan hususy kärhanasydyr. Bal önümlerini we bally desertleri öndürýän kärhananyň önümçiligine 2013-nji ýylda badalga berildi. Bu bolsa dünýä tejribesini ýerli önümçiligimize ornaşdyrmakda telekeçiler tarapyndan ädilen täze bir ädim boldy. Dünýäniň ýokary tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada baly taýýarlaýjy we gaplaýjy sehler hereket edýär. Aýna gaplara gaplanýan ballar 56, 290 we 420 gramlyk çüýşe gaplara gaplanýar. Şeýle hem önümleriň 1, 10 we 20 litrlik plastmassa gaplara gaplanan görnüşleri bar. Bu önümlere islegiň gitdigiçe artmagy hünärmenleriň işine bolan yhlasyny artdyrýar. Kärhananyň kuwwatlylygy her ýylda 2% ýokarlanýar. Hünärmenler ösen islegleri kanagatlandyrmakda uly yhlas bilen zähmet çekýärler.  Biz hem ýurdumyzyň bazar bolçulygyna goşant goşmakda ýadawsyz işleýän bu telekeçileriň balyny uly höwes bilen satyn alýarys.

Kärhanada aýna gaplara gaplanýan ballar, degişlilikde, 56, 290 we 420 gramlyk çüýşe gaplara
gaplanýar. Şeýle hem önümleriň 1, 10 we 20 litrlik plastmassa gaplara gaplanan görnüşleri hem bar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.