Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ýüpek ýaly ýakymly

Bedeni sowukdan goramak üçin, ilkinji nobatda, aýaklaryňa ýyly geýinmek hökman bolup durýar. Şoňa görä-de adam ýaşaýşynda joraplaryň uly gymmaty bardyr. Gyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýüňden, pagtadan we beýleki ýüplüklerden dokalýan joraplara isleg ýokarydyr.

Jorap öndürmekde paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Ökdirow köçesiniň ugrundaky  «Armagan» hojalyk jemgyýeti hem öndürijilikli hereket edýär. Birbada eşideniňde geň görünýän kärhananyň ady gadymy türki dilinde «Sowgat» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerden bäri dokma önümleriniň arasynda iň köp isleg bildirilýäni joraplardyr. Diýmek, has düşnükli dilde aýtsak, «Sowgat»-dan çykýan joraplar bilen topragymyzda aýak sekilmedik ýer ýok bolsa gerek. 2010-njy ýylda önümçiligine badalga berlen bu kärhana boýag we dokap gaplaýjy sehlerinden ybaratdyr. Bu ýerde erkekler  üçin «Armagan», «Diplomat» we zenanlar üçin «Bahar» joraplary öndürilýär. Kompaniýanyň joraplarynyň düzümi 80% pagta we çeýeligi kepillendirýän 20% poliamid ýa-da laýkradan ybarat. Kärhananyň kuwwatlylygy her ýylda 4 million jübüt jorap öndürmäge niýetlenendir. Hünärmenler isleg bildirýän taraplaryň talabyna görä, sargytlary hem kabul edýär. Geljekde kärhanada çaga joraplaryny we sintetik balaklary öndürmegi maksat
edinýärler. «Armaganyň» ýumşajyk, bedene ýakymly, şol birwagtda galyň joraplary islendik alyjynyň göwnünden turar.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.