Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Akja dişler iýmäge ak kökeler ýaraşar

Kökeler ençeme ýurtda öndürilýän iýmitlik gymmaty örän ýokary bolan azyk önümidir. Olar şekili, tagamy, öndüriliş aýratynlyklary boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Ýumşajyk kökeler hemmeleriň uly isleg bilen iýýän nygmatlarydyr. Saçaklarymyzyň esasy nygmatlarynyň birine öwrülen bu süýjüliklere isleg barha artýar. Ýurdumyzda ösen döwrüň talaplaryna kybap kökeleriň şokoladly, bally, maňyzly, süýtli, ir-iýmişli ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. 

Şeýle süýjülikleri öndürýän kärhanalaryň biri hem Büzmeýin etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän telekeçi A.Baýdurdyýewiň hususy kärhanasydyr. 2015-nji ýylyň aprelinden bäri öndürijilikli hereket edip gelýän kärhanada, esasan, köke önümçiligi alnyp barylýar. Uly sehden ybarat kärhanada 6 hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda bu ýerde kökeleriň üç, ýagny ak köke, owranýan köke we şekerli, şokoladly köke ýaly görnüşleri öndürilýär. Olaryň düzümi bal, marmelad, kakao, şeker, kişmiş, maňyz ýaly goşundylar goşulyp baýlaşdyrylýar. «Ekiji» haryt nyşany bilen öndürilýän bu önümler 300 gramlyk polietilen gaplara gaplanýar. Kärhananyň kuwwatlylygy her ýylda 100 tonna köke önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde kärhanada köke, wafli we keks önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Çaý teýi hökmünde iýmäge lezzetli ýumşajyk «Ekiji» kökeleri keýpiňizi köklär!ökeler ençeme ýurtda öndürilýän iýmitlik gymmaty örän ýokary bolan azyk önümidir. Olar şekili, tagamy, öndüriliş aýratynlyklary boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Ýumşajyk kökeler hemmeleriň uly isleg bilen iýýän nygmatlarydyr. Saçaklarymyzyň esasy nygmatlarynyň birine öwrülen bu süýjüliklere isleg barha artýar. Ýurdumyzda ösen döwrüň talaplaryna kybap kökeleriň şokoladly, bally, maňyzly, süýtli, ir-iýmişli ýüzlerçe görnüşi öndürilýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.