Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Sowgatdan» sowgat al!

Biziň häzirki gürrüňini etmekçi bolýan sowgat dükanymyzyň ady hem «Sowgat». Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Türkmentagamlary» söwda öýüniň Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Sowgat» dükany indi birnäçe ýyl bäri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna sowgatlaryň dürli görnüşlerini hödürläp, hyzmat edip gelýär. Bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen önümleriň dürli görnüşleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilen harytlar bar.

Dükanda birnäçe bölümler hereket edýär. Olardan hojalyk harytlary, gök önümler, azyk önümleri, parfýumeriýa ýaly bölümlerinde ýerleşdirilen önümlere uly isleg bildirilýär. Dükanyň çagalar üçin niýetlenen bölümine, dürli görnüşli hojalyk harytlary ýerleşdirilen bölümine barsaň-da, raýatlarymyzyň öz islegini kanagatlandyryp bilýän harytlaryny, sowgatlyk önümlerini tapyp bolýar. Müşderiler satyn alan harytlaryny nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşyp bilýär. Bank kartlarynyň üsti bilen töleg tölemäge mümkinçiligiň döredilmegi müşderiler bilen ýola goýlan hyzmatyň örän tiz alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ýokary hilli türkmen önümlerini bolsa «Sowgat» dükanynyň tekjelerinden tapyp, öz ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz!

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.