Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ýerli halwanyň tagamy

Gadymdan bäri söýlüp iýilýän nygmatlaryň biri-de halwadyr. Gündogar ýurtlarynda has meşhur bolan halwanyň taryhy-da irki döwürlere daýanýar. Halwa «süýji», «gözel» diýen manyny berýän arap sözünden döräpdir. Bu süýjüligiň günde 100 gramyny iýmek bedeniň zerurlyk duýýan energiýasynyň agramly bölegini üpjün edýär. Häzirki wagtda ak, gyzyl, künjülidir pisseli halwalaryň onlarça görnüşi ýörgünlidir.

Ata-babalarymyzyň hatar-hatar kerwenleriň başyny çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen goňşy ýurtlardan dänedir bagana, keteni, haly ýaly harytlara çalşyp alýan gantdyr şaha nabatlary, şol sanda arzyly halwalary indi Diýarymyzda öndürilýär. Bu günki gün ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ösüşli menzilleri nazarlaýar. Bereketli bazarlarymyzy synlap, azyk bolçulygyna abyrsyz goşant goşýan kärhanalaryň agramly böleginiň hususy telekeçilerimizdigine buýsanýarsyň. Dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply ol önümler her bir türkmen saçagynyň berekedine bereket goşýar. Süýji-köke önümçiligi ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmekligiň ilkinji ýyllaryndan örňäp başlady.

Şeýle kärhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän A.Haninerowyň hususy kärhanasydyr. 2001-nji ýylda işe girizilen kärhananyň esasy ugry halwa önümçiligi bolup durýar. Uly sehden ybarat kärhanada 5 hünärmen zähmet çekip, olar ýyllyk meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde uly tagalla edýärler. Häzirki wagtda bu ýerde «Gökdepe» halwasy, wanilinli, künjüli we pisseli halwa öndürilýär. Önümleriň esasy goşundysy bolan künji, şeker, pisse ýaly ýerli çig mallarymyz önümçiligiň ilerlemegine oňyn şert döredýär. Kärhanada her günde ortaça 300 kg halwa öndürilip, içerki bazarlarymyza ugradylýar. Geljekde bu ýerde nabat we «Şerbet» süýjülerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Künjüli, pisseli, wanilinli «Gökdepe» halwalarynyň hakyky lezzetini duýaryn diýseňiz, bu önümlerden almagy unutmaň.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.